Sepleriň elýeterliligi

ABŞ wiza programmasyny uzaldýar


Prezident Barak Obamanyň yraklylar üçin ýörite amerikan wiza ýeňilligini berýän programmanyň uzaldylmagy baradaky karara gol çekmegine garaşylýar.

Bu programma amerikan harbylary üçin terjimeçi ýa ýolbeledi bolup, öz janlaryny töwekgellige salan adamlara amerikan wizasynyň berilmegini üpjün edýär.

Onuň möhleti şu hepde, täze maliýe ýylynyň başlanmagy bilen tamam bolupdy.

Häzir 2000-den gowrak yraklynyň wiza arzasy tassyklanmagyna garaşýar, wiza garaşýanlaryň käbiri amerikan harbylaryna kömek berendikleri üçin öz ýurtlarynda ar alynmagyndan howatyr edýändiklerini aýdýar.

Bu programma esasynda 2007-nji ýyldan bäri 12 müňden gowrak yrak maşgalasy Birleşen Ştatlara göçdi diýip, "Assoşeýted Pres" ýazýar.
XS
SM
MD
LG