Sepleriň elýeterliligi

Waşingtonda sürüji aýal atylyp öldürildi


Waşingtonyň polisiýasy ofiserleriň ABŞ Kapitolynyň, Kongresiň binasynyň ýanynda polisiýa kowgusyna sebäp bolan aýal sürüjini atyp öldürendiklerini aýdýar.

Ol aýal Ak Tamyň daşy gabsalan howpsuzlyk-gorag çäginiň içinden geçmäge synanypdyr.

Polisiýa penşenbe güni öýlän bolan hadysanyň deslapky görkezijileriniň terrorizmden habar bermeýändigini aýdýar.

Şeýle-de polisiýa gara sedanyň içinde, sürüji aýalyň ýanynda bolan bir ýaşly çaga zeper ýetmändigini aýdýar.

Hadysa wagtynda Ak tamda we Kapitol toplumynda iki howpsuzlyk ofiseriniň ýaralanandygy habar berilýär.

Bu hadysanyň arkasynda ýatan motiw, sebäp anyk däl we polisiýa, derňewiň gidýändigi üçin, ol aýal bradaky maglumatlary aýtmakdan ýüz öwürdi.
XS
SM
MD
LG