Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Aziýa saparyny goýbolsun etdi


Ak tam prezident Barak Obamanyň ABŞ-nyň hökümetiniň bölekleýin togtadylmagy sebäpli indiki hepde Aziýa planlaşdyrylan saparyny goýbolsun edendigini aýdýar.

Beýanatda Obamanyň Gündogar Aziýa sammitine gatnaşmak üçin Balä we Buruneýe gitmejegi aýdylýar.

Muňa derek onda bu iki ýurda gidýän amerikan delegasiýasyna döwlet sekretary Jon Kerriniň ýolbaşçylyk etjegi habar berilýär.

Şeýle-de beýanatda Obamanyň Waşingtonda galyp, Respublikanlaryň býužeti geçirmegi we hökümeti gaýtadan açmagy üçin basyş edip, ylalaşyga gelmäge çalyşjakdygy aýdylýar.

Şu hepdäniň başynda Ak tam Obamanyň Aziýa saparyny dört ýurtdan iki ýurda getirip, gysgaldýandygyny habar beripdi.
XS
SM
MD
LG