Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şabuns: Haýwanlar zäherlenip öldürilýär


Turkmenistan. Pregnant dog in Ashgabat
Turkmenistan. Pregnant dog in Ashgabat
4-nji oktýabr - Haýwanlary goramagyň halkara güni. Bu senäni bellemek kararyna 1931-nji ýylda tebigaty goraýjylaryň Italiýada geçirilen halkara konferensiýasynda gelnipdi. Soňky ýyllarda Haýwanlary goramak boýunça halkara gün dünýäniň 60 çemesi ýurdunda bellenip geçilýär.

Şu günki gün Türkmenistanda haýwanlara nähili garalýar?

Azatlyk Radiosy türkmenistanly graždan aktiwisti Nataliýa Şabunts bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda eýesiz haýwanlara nähili garalýar?

Nataliýa Şabunts: Gynansak-da, ýurtda haýwanlary gowy görmeýärler. Ýögsa, Aşgabatda haýwanlar agressiw däl. Pişikler adamdan gorkýarlar, itler guýrugyny ýamzyna gysyp gezýärler. Umuman, haýwanlara rehimsiz garalýar, [adamlara] olary gowy görmek terbiýesi berilmeýär. Köçede iti gören çagalar, adatça, ýa gorkýarlar ýa-da eline daş alýarlar, depýärler.

Azatlyk Radiosy: Nataliýa, soňky döwürde Türkmenistanda itleriň, pişikleriň, käte guşlaryň jesetleriniň göze ilýändigi barada habar berilýär. Käbirleri itleri, pişikleri zäherlemekde häkimiýetleri aýyplaýarlar. Siz haywanlary ýok etmek boýunça çäreleriň geçirilmeginden habarlymy?

Nataliýa Şabunts: Meniň syn edişime görä, bu yzygiderli, ýöne belli bir wagtda geçirilýän çäreler. Köplenç olar baýramçylyklara, binalaryň açylyş dabaralaryna gabatlanýar. Şonuň üçin öýlerinde iti bolan adamlar, şol sanda meniň özümem baýramçylyklardan örän howatyrlanýaryn. Men her bir baýramçylygyň öňüsyrasynda itim bilen köçä çykanymda, ol köçede hiç bir zady iýäýmesin diýip, örän hüşgär bolýaryn.

Azatlyk Radiosy: Aşgabadyň köçelerinde gözegçiliksiz gezip ýoren eýesiz itler ýa pişikler köpmi?

Nataliýa Şabunts: Meselem, Çehow köçesindäki we onuň golaýyndaky jaýlar ýumrulanda, köp adamlara başda jaý berilmändi. Şonda adamaryň öýsüz galmagy sebäpli itler hem, pişikler hem köçede galypdy. Şäheriň köçelerinde iýmitiň gözleginde entäp ýören köp sanly itleri görmek mümkindi. Emma bu uzaga çekmedi. Gysga wagtdan köçelerde haywanlaryň üýşüp ýatan jesetlerini görmek mümkin boldy. Bu jesetleri ýerli gulluklar ýygnadylar.

Azatlyk Radiosy: Haýwanlar zäherlenýärmi?

Nataliýa Şabunts: Adatça, olar zäherlenýär. Köplenç ulanylýan zäherli serişdelerden haýwanlar uzak wagtlap ölmän gynanýarlar. Aşgabatda gurulýan elit diýilýän awtoulaglar üçin duralganyň gurluşygynyň gidýän ýerinde şu ýylyň mart aýynda binýadyň içinde iki sany alabaý güjügi uzak wagtlap çyňsap öldi. Haýwanlaryň tiz ölýän halatlary-da bolýar, emma köplenç olar gynanyp ölýärler. Köplenç olary ýok etmek üçin köçelere içi iňňeli, çüýşe döwükli et taşlanýar.
Ýaşaýyş jaýyň golaýynda ýatan öli pişik, Aşgabat.
Ýaşaýyş jaýyň golaýynda ýatan öli pişik, Aşgabat.

Şeýle-de, weterinar lukmanlaryň aýtmagyna görä, köp haýwanlar naftalin, ýagny güýä garşy ulanylýan zäherli serişde bilen zäherlenýärler. Bu serişde netijede haýwanyň ölümine getirýär, emma ol derrew ölmän, zäherlenensoň, haýal we örän yzaly ölüme sezewar bolýar.

Haýwanlary köçeden ýygnamak boýunça ýörite çäreleri durmuşa geçirmek gymmat bolansoň, ýerli häkimiýetleriň has arzan usullary ulanýan bolmaklary ähtimal.

Men bir gezek köçede ölüm halyndaky bir güjügi tapyp, ony haýwanlar keselhanasyna eltdim. Ol şeýle bir agyr ýagdaýdady, emma ölüp bilmän yzadan ýaňa gaty gynanýardy. Lukmanlaryň onuň ölümini tizeşdirip, yzadan halas etmekleri üçin men resmi töleg hökmünde täze puldan 50 manat töledim. Şonda-da it derrew ölüp bilmedi 15 minutlap uwlap, dünýäden ötdi. Men muny bagyşlap hem bilmerin, ýatdan hem çykaryp bilmerin.

Azatlyk Radiosy: Siz haýwanlaryň zäherlenýändigini aýtdyňyz. Bu çäreler resmi taýdan guramaçylykly geçirilýärmi? Muny kim edýär?

Nataliýa Şabunts: Mundan birnäçe ýyl ozal Nyýazow döwründe köçelerde itleriň taýaklap öldürilmegine köp adam aladalanma bildiripdi. Bu hatda köpçüligiň gözüniň alnynda hem edilýärdi. Şol döwürde-de, häzirki wagtda-da itleri we pişikleri ýok etmek boýunça işleri öý uprawleniýeleri, hojalyk edaralary ýerine ýetirýärler. Emma hojalyk edaralary pişikler bolmasa, alakalaryň köpeljegine düşünmeýän bolsalar gerek.

Azatlyk Radiosy: Aşgabatda alakalar köpmi?

Nataliýa Şabunts: Aşgabatda alakalar köp däldi. Olar belli bir ýerlerde, aýdaly, süýji tagamlary çykarýan fabrigiň golaýynda köp boýardy. Emma, meselem, Hitrowkadaky fabrigi ýumuranlarynda, alakalar tutuş töwerege ýaýrapdy. Çoganlyda uly bir çukur bardy, oňa tutulan haýwanlary eltip taşlaýardylar we soň şol ýerde mynjyradyp öldürýärdiler. Hut şu ýerde alakalar iňňän köpeldi. Meniň ýaşaýan mikroraýonymda-da alakalar gaty köpeldi. Jaýlaryň daşynda günde olaryň täze çukurlaryny görse bolýar. Olaryň köçelerde arkaýyn gezip ýörendigini hem görýärler.
XS
SM
MD
LG