Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan öz serhedini ýapýar


Türkmen-özbek serhedinden geçip bilmedik özbek raýatlary.

Türkmen-özbek serhedinden geçip bilmedik özbek raýatlary.

Radiomyzyň Özbek gullugynyň mälim etmegine görä, özbek-türkmen serhet geçelgesinde bu iki ýurduň raýatlaryna iki tarapa wizasyz geçmek togtadyldy. 8-nji awgustdan bäri Türkmenistanyň raýatlary Özbegistana we Özbegistanyň raýatlary Türkmenistana wizasyz geçip bilmeýärler.

Özbegistanyň Garaşsyzlyk baýramçylyk günlerinden bäri iki ýurduň serhetýaka ilatyna wizasyz araçäkden wizasyz geçmek gadagan edilipdir.

Özbegistan Döwlet serhet komitetiniň wekiliniň Azatlyk Radiosyna aýdyşyna görä, iki ýurduň serhet ýakasynda ýaşaýan ilata öň ondan-oňa her aýda üç günlük wizasyz geçmäge rugsat berlipdir. Bu mesele öň iki ýurduň arasynda ylalaşylypdyr. Ýöne häzir wizasyz ötüp-geçmek togtadylypdyr.

Özbegistanlylar Türkmenistana wizasyz geçip bilmeýär we türkmenistanlylaram Özbegistana wizasyz ötüp bilmeýär.

Serhetden geçip bolmaýar

Türkmenistanyň Özbegistana serhetdeş Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy Gurbanaý bir aýdan bäri Horezm welaýatynda ýaşaýan garyndaşlarynyňka baryp bilmeýändigini aýdýar. Kowum-garyndaşlarynyň toý-märekelerine-de ol gatnaşyp bilmändir.

”8-nji awgustdan bäri özbek hem türkmen serhetçileri wizasyz adamlary goňşy ýurda geçirmeýär. Öň Türkmenistanyň raýatlaryna aýda üç gün wizasyz Özbegistana barmaga, şonuň ýaly-da Özbegistanyň raýatlaryna wizasyz üç gün Türkmenistana gelmäge mümkinçilik bardy. Serhet ýakasynda ýaşaýan iki ýurduň raýaty üçin hem şeýle ýeňillik döredilipdi. Ýöne indi iki tarapa-da wizasyz geçmek ýatyryldy” diýip, Gurbanaý gürrüň berýär.

Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda 2004-nji ýylda gazanylan ylalaşyga laýyklykda, iki ýurduň serhet ýakasynda ýaşaýan ilat wizasyz birek-biregiň toý-tomaşasyna barmak hem-de kowum-garyndaşlar bilen gatnaşmak hukugyna eýedi. Emma häzir iki ýurduň raýatlarynyň elinden hem bu ýeňillik alyndy.
Özbegistanyň Hywa welaýatynyň ýaşaýjysy Sonajanyň aýdyşyça, onuň gyz dogany Daşoguzda birine durmuşa çykypdyr.Ol “Serhet ýapylaly bäri gyz doganym bilen görşüp bilmeýärin” diýýär.

Resmi düzgün

Özbegistanyň Döwlet serhet gullugynyň aýdyşyna görä, özbegistanlylaryň Türkmenistana barmagy üçin, ol ýerde ýaşaýan garyndaşlaryndan telegramma ýa çakylyk soralýar. Türkmenistanyň raýatlarynyň Özbegistana gelmegi üçin, wizasynyň bolmagy talap edilýär.

Daşoguzly ýaşaýjy Gurbanaýyň aýtmagyna görä, Özbegistana gitmek üçin, bu ýurduň Daşoguzdaky konsulhanasyndan on günlük syýahatçylyk wiza almaly. “On günlük wiza üçin, 150 dollar pul tölemeli. 50 dollardan gowrak aýlyk alýan adama, on güne 150 dollar töläp, wiza almak kyn” diýip, Gurbanaý aýdýar.

Özbegistanyň Horezm, Kaşgaderýa we Buhara welaýatlary hem-de GaragalpagystanRespublikasy Türkmenistan bilen serhetdeş. Bu iki ýurduň araçäginiň uzynlygy 1650 km. töweregidir.

Horezmdäki Adam hukuklaryny goramak boýunça guramanyň wekili Haýytbaý Ýakubowyň aýdyşyna görä, Özbegistan bilen Türkmenistanyň serhet ýakasynda ýaşaýan ilatyň arasynda kowum-garyndaşlyk bar. Türkmenistanda özbeklerem kowçum bolup ýaşaýar we Özbegistanda hem türkmenler ýaşaýar. Şonuň üçin bu iki ýurtda ýaşaýan kowum-garyndaşlaryň özara gatnaşmagyna mümkinçilik döredilmeli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG