Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Aýal sürüji atylyp öldürildi


Polisiýa Kapitoliý kompleksiniň golaýynda bolan ok atyşygy derňeýär, 2013.

Polisiýa Kapitoliý kompleksiniň golaýynda bolan ok atyşygy derňeýär, 2013.

Waşingtonyň polisiýasynyň habar bermegine görä, Ak tamyň golaýynda howpsuzlyk haýatyny böwsüp geçmäge synanyşan we soňra-da polisiýadan gaçyp sypmakçy bolan maşynly zenan Kongresiň binasynyň golaýynda atylyp öldürilipdir.

Polisiýa penşenbe güni gündiz Waşingtonyň merkezinde bolan bu wakanyň derňewleriň ilkinji netijelerine görä, terrorçylyk bilen bagly hadysa bolmandygyny aýtdy. Polisiýanyň habar bermegine görä, şol wagt zenanyň ýanynda, awtoulagda bolan bir ýaşly bäbege zeper ýetmändir.

ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän ”Alhurra” telewideniýesi gara reňkli ”Infiniti” awtoulagynyň polisiýa tarapyndan yzarlanandygyny, soňra ýüz beren ok atyşygy we soňra-da ulaglaryň göz öňünden tiz geçip gidişini suratlandyrýan wideoýazgyny görkezdi.

Ilkinji maglumatlar

Bu waka ABŞ-nyň Senatynyň we Wekiller Öýüniň ýerleşýän ýeri bolan Kapitoliý kompleksiniň golaýynda bolup geçdi.

Polisiýa howpsuzlyk güýçleriniň iki sany ofiseriniň, maşyn kakyp, ýaralanandygyny habar berdi.

Bu wakanyň döremegine sebäp bolan ýagdaýlar barada häzirlikçe mälim edilmedi. Polisiýa bu zenan barada, entek derňewler gidýärkä, maglumat bermekden boýun gaçyrýar.

Öz atlarynyň agzalmagyny islemedik beýleki resmiler bu zenanyň ABŞ-nyň Konnektikut ştatyndan bolan 34 ýaşly enedigini aýdýarlar. Olar Federal derňew býurosynyň agentleriniň bu zenanyň Konnektikut ştatynyň Stamford şäherindäki öýünde barlag geçirendiklerini habar berdiler.

Bu waka ABŞ-nyň hökümetiniň öz işini bölekleýin togtatmagynyň üçünji güni ýüze çykdy we Kapitoliniň, adatça, asuda töwereginde märekäniň üýşmegine sebäp boldy.

Bu waka Waşingtonyň ýaşaýjylarynyň aladalanmalaryny güýçlendirdi. Üç hepde mundan ozal Waşingtonyň Harby-deňiz güýçleriniň edarasynda onuň öňki işgäri tarapyndan duýdansyz ot açylyp, bu wakada 12 adam wepat bolupdy we üç adam ýaralanypdy.

"Tötänlik" däl

Waşingtonyň polisiýasynyň başlygy Keti Lanier hadysanyň sebäpleri barada aýtmakdan boýun gaçyrdy, şol bir wagtda-da ol bu wakanyň tötänlik bolmagynyň ähtimaldygyny inkär etdi.

Kapitoliniň polisiýasynyň başlygy Kim Dine bu wakanyň terrorçylyk bilen baglanyşykly bolup biljekdigi ýa-da bilmejekdigi barada özünde hiç hili maglumatyň ýokdugyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG