Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen türmesinde ýitenler idelýär


Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradow, garyndaşlary ondan türmä basylaly bäri habar almandyklaryny aýdýarlar.
Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradow, garyndaşlary ondan türmä basylaly bäri habar almandyklaryny aýdýarlar.
ÝHHG sebitiniň graždan aktiwistleri Türkmenistanyň türmelerinde on ýyl bäri ýitrim bolan adamlar barada maglumat berilmegini talap edýärler.

"Crude Accountability" guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Keýt Wotersiň 5-nji oktýabrda metbugat üçin ýaýardan beýanatynda şeýle diýilýär: "Graždan aktiwistleri şu hepde Warşawada, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Ynsançylyk kadalaryny durmuşa ornaşdyrmak baradaky ýyllyk duşuşygynda “Olaryň diridigini subut et” atly kampaniýa başladylar."

Bu kampaniýanyň öňüni “Graždan raýdaşlygy platformasy” (Civic Solidarity Platform), “Açyk hasabatlylyk” (Crude Accountability), “Demokratiýanyň we adam hukuklarynyň ösüş merkezi” (Center for the Development of Democracy and Human Rights), “Azatlyk dosýeleri” (Freedom Files), Norwegiýanyň Helsinki komiteti ýaly guramalaryň agzalary çekýärler.

Şeýle-de beýanatda bu kampaniýa “Memorial” adam hukuklary merkezi, “Human Rights Watch” ýaly halkara hukuk toparlarynyň goldaw berýändigi aýdylýar.

“Olaryň diridigini subut et” kampaniýasy Türkmenistanyň hökümetinden 2002-nji ýylyň noýabrynda prezident Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän iş bilen baglylykda tutulan onlarça şahsyýetiň türmelerde ýitirim edilmegi boýunça hasap soramak üçin edilýän bir tagalla bolup durýar.

“Biziň kampaniýamyz türkmen hökümetinden ýönekeýje bir talap edýär – olaryň diridigini subut et diýýär” diýip, “Crude Accountability” guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Keýt Woters aýtdy.

“Türkmenistan BMG-niň Ählumumy döwürleýin synynda uzak möhletli türmä basylanlara aklawçy, saglyk hyzmaty elýetrliligini döretmek, olara maşgala agzalary bilen duşuşmaga rugsat bermek baradaky rekomendasiýalar bilen razylaşdy, biziň kampaniýamyzyň hem talap edýäni şular. Olar barada on ýyllap maglumat berilmezligi, gönüläp aýdylanda, şol tussag edilen adamlaryň maşgala agzalary üçin gynag bolup durýar” diýip, Woters sözüniň üstüni ýetirdi.
XS
SM
MD
LG