Sepleriň elýeterliligi

BMG rus ilçihanasyna hüjümi ýazgarýar


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Orsýetiň Liwiýanyň paýtagty Tripolidäki ilçihanasyna hüjüm edilmegini berk ýazgardy.

Beýanatda BMG beýle hüjümleriň kabul ederliksizdigini aýdyp, Liwiýanyň häkimiýetlerini diplomatik missiýalaryň goragyny üpjün etmäge çagyrdy.

Liwiýanyň bir ofiseriniň rus aýaly tarapyndan öldürilendigi baradaky habardan soň, çarşenbe güni bir topar adam, käbiri ýaragly, ilçihana hüjüm etdi.

Bu waka netijesinde iki liwiýaly öldi we Orsýet ilçihananyň işgärlerini we olaryň maşgala agzalaryny Tunise göçürmeli boldy.

Orsýetli diplomatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň hiç birine zeper ýetmedi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Liwiýanyň Orsýetiň raýatlarynyň we ilçihana emläginiň goragyny üpjün etmegini talap etdi.
XS
SM
MD
LG