Sepleriň elýeterliligi

BMG Bakuwy düzgüne çagyrýar


BMG-niň adam hukuklary gullugy Azerbaýjanyň häkimiýetlerini adam hukuklaryny goraýjylary we raýat jemgyýetiniň aktiwistlerini ykrar etmäge hem-de olaryň işlemegine şert dörtmäge çagyrýar.

Bu çagyryş 9-njy oktýabrda geçiriljek prezident saýlawlary bilen baglylykda edildi. Anna güni ýaýradylan beýanatda aktiwistleriň häzirki günler Azerbaýjanda ýüzbe-ýüz bolýan çäklendirmelerinden alada bildirilýär.

Ol beýanatda halkara adam hukuklary standartlaryna laýyk gelýän demonstrasiýalaryň ählisine rugsat berilmelidigi aýdylýar.

«Häkimiýetler parahat demonstrantlara garşy aşa güýç ýa-da administratiw çäre ulanmaly däl, söz, pikir, ýygnanyşmak azatlygyna päsgel berilmeli däl diýip, beýanatda nygtalýar.

Azerbaýjan başgaça pikiri, garaşsyz metbugaty, aktiwistleri basyp ýatyrmakda giňden tankyt edilýär.

Anna güni, Sabirabat şäherinde oppozisiýanyň saýlaw ýygnanyşygy mahalynda birnäçe žurnalist urlup-enjildi.

Oppozisiýanyň ýalňyz kandidaty Kamil Hasanly iş başyndaky prezident Ylham Alyýewiň ornuny almaga çalyşýar.
XS
SM
MD
LG