Sepleriň elýeterliligi

«Talybanyň» kast ediş hüjüminden aman gutulan pakistanly mekdep okuwçysy öldürilen rus žurnalistiniň adyna döredilen baýraga mynasyp boldy.

Magaryfçy aktiwist Malala Ýusufzaý 2012-nji ýylyň oktýabrynda, demirgazyk-günbatar Pakistanda mekdebe barýarka tüpeňlenipdi.

Ol anna güni Anna Politkowskaýa adyndaky baýragyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Bu ýyllyk baýrak "RAW in WAR" topary tarapyndan hukuk goraýjy zenanlara berilýär.

"RAW in WAR" 16 ýaşly Ýusufzaýyň başgalar het etmeýän wagty pikirini açyk aýtmaga gaýrat tapany üçin, sesini eşitdirip bilmeýän köp aýal-gyzyň sesini eşitdirmekdäki gujurlulygy üçin, gyzlara bilim bermek ynanjyna bolan yhlasy üçin saýlanyp alnandygyny aýdýar.

Ol bu baýragy Londonda, 104 ýaşly Nikolas Wintonyň elinden kabul etdi. Winton nasistler tarapyndan basylyp alnan Çehoslowakiýada ýewreý çagalaryny halas edipdi.
XS
SM
MD
LG