Sepleriň elýeterliligi

Damask ýarag maglumatyny berýär


Damask özüniň himiki ýaraglar programmasy barada halkara ekspertlerine has köp anyk maglumat berdi.

BMG anna güni Himiki ýaraglary gadagan etmek baradaky gurama täze maglumatyň gowşurylandygyny aýtdy, ýöne onuň jikme-jikliklerini açmady.

Geçen hepde BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Siriýanyň himiki ýarag arsenalynyň ýok edilmegini talap etdi.

Bu işe gözegçilik etmek bolsa Himiki ýaraglary gadagan etmek baradaky gurama tabşyryldy.

BMG penşenbe güni himiki ekspertleriň «hyjuwlandyryjy başlangyç progesini» gazanandyklaryny aýtdy.

Şu arada Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Ankarany öz serhedindäki «terrorçylary» penalamakda aýyplap, Türkiýäniň özüni agdarmak üçin söweşýän pitneçilere goldaw bereni üçin uly töleg tölemeli boljagyny, sebäbi olaryň basym öz myhman ýerlerine hem garşy çykjagyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG