Sepleriň elýeterliligi

ÝB Timoşenkonyň bagyşlanmagyny soraýar


ÝB-niň iki wekili ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiçden türmä basylan ozalky premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň günäsini geçmegini sorady.

Timoşenkonyň aklawçysy Serhiý Wlasenko anna güni bolan metbugat ýygnagynda Ýewropa Parlamentiniň öňki prezidenti Pat Koks bilen Polşanyň ozalky prezidenti Aleksandr Kwaşniýewskiniň anna güni bolan duşuşykda Ýanukowiçden günä geçmegi sorandygyny aýtdy.

Koks bilen Kwaşniýewskiý penşenbe güni Harkowda Timoşenkonyň saklanýan türmesine baryp gördüler.

Wlasenko Timoşekonyň bilagry üçin Germaniýada bejergi almak teklibini kabul edendigini aýtdy.

Timoşenko 2009-njy ýylda Orsýet bilen baglaşylan gaz ylalaşygyna degişli jenaýat sebäpli 2011-nji ýylda 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol aýyplamalaryň syýasy sebäplidigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG