Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ban Müsüre alada bildirdi


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Müsürde gozgalaňlaryň möwjemeginden, şol sanda paýtagt Kairde bolan ganly çaknyşyklardan alada bildirdi. Ban parahatçylykly protestleriň möhümdigini nygtady.

Ol bu sözleri Kairde gyrakladylan yslamçy prezident Muhammad Morsiniň tarapdarlary bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan çyknyşykda dört adam öldürilip, esli adam ýaralanandan soň aýtdy.

Çaknyşyklar Morsiniň tarapdarlarynyň ýüzlerçesi Kairiň Tahrir meýdançasyna toplanmaga çalşanda döredi.

Paýtagtda ýene iki üýşmeleň bolup, olaryň biri şäheriň gündogaryndaky Rabaa al-Adawiýah metjidiniň ýanynda guraldy.

Awgust aýynda bu ýere toplanan Morsi tarapdarlary howpsuzlyk güýçleri tarapyndan zorluk bilen dargadylypdy.

Şu gün irden Kairiň gündogarynda goşun konwoýyna güman edilýän jeňçiler tarapyndan edilen hüjümde azyndan iki esger öldürildi.
XS
SM
MD
LG