Sepleriň elýeterliligi

Ýetginjek Nobel baýragyna hödürlenýär


Talybanyň hüjüminden aman gutulan pakistanly mekdep okuwçysyna Nobel baýragynyň berilmeginiň mümkindigi aýdylýar. Bu ýyllyk baýraklaryň berlişi duşenbe güni başlanýar.

Ýekşenbe güni çykan habarlarda magaryfçy aktiwist Malala Ýusufzaýyň Nobel parahatçylyk baýragyna mynasyp hasaplanýanlaryň esaslarynyň biridigi aýdylýar.

Osloda ýerleşýän parahatçylyk barlaglary institutynyň direktory Kristian Berg Harpwiken Malala Ýusufzaý bu baýraga mynasyp hasaplanýanlaryň iň ýokarsynda dur, sebäbi geçen ýyl Nobel parahatçylyk baýragynyň Ýewropa Bileleşigine berilmegine gowy düşünilmedi wu bu köp sorag döretdi diýdi.

16 ýaşly Malala 2012-nji ýylyň oktýabrynda, demirgazyk Pakistanda mekdebe barýarka tüpeňlenipdi. Ol mundan öňem bir topar abraýly halkara baýraklaryna mynasyp boldy ýa-da hödürlendi.
XS
SM
MD
LG