Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 70-e golaý adam öldürildi


Yrakdaky hüjümlerde ýetmişe golaý adam öldürildi.

Iň ganly waka janyndan geçen bombaçy Bagdatda şaýy zyýaratçylarynyň üýşen ýerinde özüni partladanda boldy.

Polisiýa bu hadysada azyndan 48 adamyň öldürilendigini aýtdy. Ol zyýaratçylar sünnüleriň köplük bolup ýaşaýan Azamiýa etrabyndan geçip barýarkalar nyşana alnypdyr.

Bagdadyň demirgazygynda, esasan şaýy şäheri hasaplanýan Baladda bolsa, janyndan geçen bombaçy özüni kafede ýaryp, azyndan 13 adamy öldürdi, 22 adamy bolsa ýaralady.

Şenbe güni irden ýaragly adamlar Mosul şäherinde «Al-Şarkiýa» telekanalynyň reportery bilen kameraçysyny atyp öldürdiler.
XS
SM
MD
LG