Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Grinpis global protest geçirýär


Orsýetde 30 sany «Greenpeace» aktiwistiniň tussag edilmegine garşy global protest guraldy.

Aktiwistler 18-nji sentýabrda Gazpromuň Arktikanyň içinde ýerleşýän burawlaýyş platformasyna garşy protest geçirenlerinden soň garakçylyk aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Halkara «Greenpeace» guramasynyň direktory şenbe güni Orsýetiň öz "Arctic Sunrise" gämisini tutup saklamagyny we onuň ekipažyny tussag etmegini bu toparyň tebigaty goramak işjeňliklerine 1985-nji ýylda "Rainbow Warrior" flagman gämisi bombalanaly bäri edilen iň erbet «hüjüm» atlandyrdy.

Şenbe güni global "Greenpeace" protestlerine başlamak bilen, guramanyň halkara direktory Kumi Naýdu "Biz özümizi gižželetmeris we gorkuzylyp ýuwaşamarys" diýdi.

Ol 18 ýurtdan bolan aktiwistleriň derhal azat edilmegini talap etdi.

Londonda Orsýetiň hereketlerine garşy birnäçe ýüz adam proteste çykdy.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Alekseý Meşkow Grinpisiň hereketlerini «arassa prowokasiýa» diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG