Sepleriň elýeterliligi

ABŞ jeňçi liderleri nyşana alýar


Birleşen Ştatlaryň ýörite güýçleriniň Afrikada yslamçy jeňçi liderleriň garşysyna iki sany reýd geçirendigi aýdylýar.

Liwiýada Pentagon ABŞ güýçleriniň Anas al-Libi lakamy bilen tanalýan Nazih Abdul-Hamed al-Rukaýy tutandyklaryny aýtdy.

Ol ABŞ tarapyndan 1998-nji ýylda Keniýada we Tanzaniýada amerikan ilçihanalarynda amala aşyrylan we 224 adamyň ölümine getiren partlamalar sebäpli gözlenýärdi.

Al-Libiniň garyndaşlary onuň şenbe güni Tripolide öz öýüniň daş işiginde tutulandygyny aýtdylar.

ABŞ güýçleri Somalide Al-Şahab jeňçi toparynyň liderini tutmak üçin reýd geçirdiler. Emma bu iş şowly bolmady.

Somalidäki resmiler halkara harby güýçleriniň şenbe güni daňdan Barawe şäherine zarba urandyklaryny aýtdylar.

Bu hereket Al-Şahab jeňçileri Naýrobiniň Westigeýt molunda azyndan 67 adamy öldürenlerinden soň edilýär.
XS
SM
MD
LG