Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda ýer titremesiniň pidalary ýatlanýar


Türkmenistanda 1948-nji ýylyň aýylganç ýer titremesiniň pidalarynyň hormatyna hatyra güni geçirilýär.

Bütin ýurt boýunça döwlet baýdaklary aşak goýberildi, metjitlerde we ybadatahanalarda hudaýýoly, sadaka berlip, merhumlaryň hatyrasyna doga-dileg edilýär.

1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesi 6-njy oktýabra geçilýän gije boldy. Dürli çeşmelerde berilýän habarlara görä, bu tebigy betbagtçylyk netijesinde şäheriň jaýlarynyň 98 prosenti ýykylyp, weýran boldy, köp adam öldi.

Emma bu hadysada wepat bolanlaryň anyk sany barada taryhçylar bir pikire gelip bilmeýärler.

Ýöne bu ýer titremesi HH asyrda bolan iň heläkçilikli tebigy betbagtçylyklaryň biri hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG