Sepleriň elýeterliligi

Söhbet: Terrorizm - täze kadalylyk


General-maýor Jeýms Marks ("Spider" Marks diýlip gowy tanalýar), Praga, 3-nji oktýabr, 2013.

General-maýor Jeýms Marks ("Spider" Marks diýlip gowy tanalýar), Praga, 3-nji oktýabr, 2013.

Döwletler owalda-ahyrda terrorçy guramalara garşy söweşde gutarnykly ýeňiş gazanyp bilerlermi? Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň habarçysy Çarlz Reknagel bu barada general-maýor, Jeýms "Spider" Marks bilen söhbetdeş boldy. Ol ozal ABŞ Goşunynyň Aňtaw-maglumat merkezine we Mekdebine komandirlik edipdi we terrora gaşy ekspert bolupdy.

Azatlyk Radiosy: Islendik döwletiň özüni terrorçy guramalardan gorap bilmek başarnygy köp derejede jeňçi toparlaryň işleri barada aňtaw-maglumatlary toplap bilmek ukybyna bagly bolýar. Emma şunuň ýaly maglumat toplamak, biziň Edward Snowdeniň Milli howpsuzlyk gullugynyň operasiýalary baradaky syzdyrmalaryna bolan jemgyýetçilik reaksiýalaryndan görşümiz ýaly, adaty raýatlaryň şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi baradaky duýgularyna hem täsir ýetirýär. Eýsem adamlaryň maglumatlaryň diňe kompanpiýalar däl, hökümetler tarapyndan hem seljerilmegi sebäpli öz şahsy eldegrilmesizliklerini barha köp ýitirýänliklerinden ynžalyksyz bolmagy ýerliklimi?

Jeýms Marks: Men, fundamental taýdan, biziň ösüşimiz sebäpli, digital-sifr gurluşlarynyň berýän mümkinçiliklerine garaşlylygymyz üçin, biz ýyldyrym çaltlygynda gatnaşyk gurýan, aragatnaşyk edýän döwlete öwrüldik, dünýä öwrüldik, halklaryň toplumyna aýlandyk diýip aýdardym. Onsoň hut şu ýagdaý netijesinde hem maglumat, informasiýa bölekleri birbada bir topar adama mälim we elýeterli bolýar. Şeýle bolansoň, biziň howpsuzlyk babatynda garaşýan zatlarymyz hem peseldi, bu biz olar näderejede peseldi diýip ykrar etsek, şol derejede hem peseldi. Her gezek sen digital gurluşy eliňe alyp, «iber» diýen düwmä basanyňda ýa öz telefonyňda gürläniňde, sen gözegçilik astyna alynmagyňa kaýyl. Olar, seniň iberýän ýa aýdýan zatlaryň kimdir biri tarapyndan, bir ýerlerde toplanýar. Bu olaryň hökman ulanyljagyny ýa-da kimdir biriniň hakykatdanam wagt harçlap, detallary köwläp başlajagyny aňlatmaýar.

«Men edinmek, eýe bolmak isleýän» diýen fundamental darkaşda sende näme bar - Men, Ýer planetasynda bir ýeriň indiwidual raýaty hökmünde, «Men öz islän wagtym informasiýa almak isleýärin, ol maňa eltýerli bolmaly, meniň garaşýanlarym şular. Onsoň, Birleşen Ştatlaryň raýaty hökmünde, men belli bir derejede şahsy eldegrilmesizlik hem isleýärin. Bu ýerde düzgünler bar, bu ýerde meniň şahsy durmuşyma gatyşylmagynyň öňüni alýan kanun normalary bar." [Emma] haçanda men digital gurluşda wagtym, ýönekeý onuň özünde, ol ýerde gatyşma bolar we eger ol gatyşma hökümet tarapyndan, ýa-da ýörite biziň gözegçilik edýär diýen Milli howpsuzlyk gullugymyz tarapyndan bolsa, men bu ýerde ony goramakçy ýa-da oňa garşy hüjüm etmekçi däl, emma ol bar bolan programma hem-de şonuň bilen baglylykda gatyşma bolup geçýär.

Azatlyk Radiosy: Hökümetler howpsuzlyk bilen şahsy dumuşyň arasyndaky çäk-çyzygy nireden çekmeli?

Marks: Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň bir wezipesi Birleşen ştatlaryň hökümetiniň howpsuzlygyny, Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň uzagyndan dowamlylygyny üpjün etmekden ybarat. Bu birinji iş, bu biziň öz hökümetimiziň etmegini isleýän işimiz. Gynançly ýeri, bu biziň durmuşymyzyň beýleki bir topar aspektlerine hem galtaşýar. Sebäbi ol ýerde Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň howpsuzlygyny üpjün etmek aspekti hem bar. Onsoň hemişe şeýle sorag gelip çykýar: «Bu öte geçme dälmi?» Mende bu soragyň jogaby ýok. Emma bu biziň bir bölegine öwrülen digital atmosferamyzyň bir fakty we ol ýerde gatyşma bolar, onsoň biziň ratýalarymyz örän alada galýarlar we olar alada galmaly hem. Şol bir wagtyň özünde, olar, ikinji tarapdan, howpsuzlyk wehim astynda bolmasyn diýip hem aladalanmaly.

Azatlyk Radiosy: Terrorizme gaşy söweşiň beýleki bir aspekti bu toparlara garşy fiziki taýdan göreşmek, olaryň agzalaryny azaltmak ýa-da ýok etmek. Biz Birleşen Ştatlaryň strategiýasynyň Yrakdaky we Owganystandaky gury ýer goşun hereketlerinden aňtaw maglumatlaryna daýanýan dron urşuna tarap ewolýusiýasyna şaýat bolýarys. Eýsem dron urşy ýeňşi üpjün edip bilermi?

Marks: Bu soragyň jogaby, eger ýeňiş haýsam bolsa bir ýekme-ek görnüşde, «bir dron, bir hüjüm, şu-da ýeňiş» şekilinde kesgitlenmese, ýok. Bu örän dar manyly kesgitleme, bu ýerde strategiýa garanda has kän taktikalara ýykgyn edilýär. Şu sebäpden men dronlary ulanmak arkaly doly ýeňiş gazanyp bolmajagyny berk nygtap bilerin. Emma mundan hem wajyby, eger siz dron gürrüňini aradan aýyrsaňyz, ol ýa-da beýleki görnüşdäki ýeňiş ahyrynda nähili göz öňüne getirilmeli?

Men häzir biz ideýalar urşunyň gidýän dünýäsinde ýerleşýäris diýip pikir edýärin, özem bu ýerdäki ideýa darkaşy barha möwjeýär we onuň erk-ygtyýar berilmedik ýaşlara ullakan galtaşygy bar. Onsoň bu ýerde ullakan adam çekmek, nöker toplamak bazasy bolup, ýaş erkekler bu howza höwes bilen bökmek, ýagny oňa çekilmek, özlerine ullakan şahsy aýratynlyk we soňy bilen şehitlik berýän bir zadyň bölegi bolmak islärler. Dronlar diňe ýarag sistemasy, mümkinçilik, eger sen isleseň, ol saňa durgunlyk derejesine ýetmäge şert döredýär.

Azatlyk Radiosy: Dronlar, adamsyz uçarlardan urulýan zarbalar baradaky pikir-garaýyş gapma-garşylykly, sebäbi olar diňe öz nyşana alan adamlaryny öldürenok, eýsem şol wagt şol töwerekde bolan beýleki adamlary hem öldürýär. Dynç alşa çykan general, Owganystandaky operasiýalaryň ozalky serkerdesi Stanliý MakKristal bir gezek şeýle diýdi: “Meni dron zarbalary barada gorkuzýan zat olaryň dünýä ýüzünde nähili kabul ediljegi... Olar hiç wagt bir dron zarbasyny görmedik ýa-da bir gezek onuň netijesine şaýat bolan adamlar tarapyndan hem intuitiw derejede ýigrenilýär." Eger şeýle bolsa, onda dronlaryň terrorçy guramalara täze adamlary, hatda olaryň liderleriniň ýok edilmegi bilen has gazaba münen adamlary toplamaga, özlerine çekmäge kömek etmek howpy ýokmy?

Marks: Dron hüjümlerini ulanmak bilen siz hakykatdanam urmak isleýän naşanaňyzy urup bilersiňiz, emma ol ýerde ugurdaş, islenilmedik ýa niýetlenilmedik zyýan, ýitgi hem bolar. Ol ýerde beýleki gatnaşygy bolan adamlar hem bolar. Bu adam derejesinde nöker çekmegi, raýdaş toplamagy ýokarlandyrmakda ähmiýetli. Ýöne men onsuzam, dronlardan daşgary hem bu ýerde ygtyýarsyz, hak-hukuksyz adamlar üçin ýeterlik motiw berijiler, itergi berýän zatlar az däl diýip pikir edýärin.

Şeýlelikde, eger-de biz «dronlar, netije nöker toplamak, netije zorluk-sütemiň artmagy we hiç soňky gelmeýän aýlaw» diýsek, bu biziň gürrüňimiziň çygryny gaty daraldar. Men dronlar örän netijeli mümkinçilik diýip aýdardym, olar ulanylmaly,
käbir ýagdaýda diýseň uly peýdasy bolan anyk netijeleri gazanmak üçin örän takyk we minimal ýagdaýda ulanylmaly. Ugurdaş zyýan, islenilmeýän ýitgi meselesi, belki-de, ol ýerde hemişe bolup biler, ýöne ol azaldylyp hem bilner.

Azatlyk Radiosy: Söhbetiň soňunda, geliň, haýsy terror guramalarynyň biziň özümiziň terrora garşy ýaýbaňlanýan göreş strategiýalarymyza näderejede uýgunlaşyp biljegine göz aýlalyň. «West Point Counterterroism» merkeziniň täze statistiki maglumatlary 1-nji iýuldan bäri dünýä boýunça 60-dan gowrak terror hüjüminiň bolandygyny, golaýda bolsa Keniýa molunda amala aşyrylan hüjümde 60-dan gowrak adamyň öldüriýelndigini görkezýär. Bu terror toparlary bilen barýan häzirki darkaşyň hiç wagt soňunyň gelmejegini aňladýana däldir-dä? Bu 21-nji asyryň durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi bolarmyka?

Marks: Bu soraga meniň gysga jogabym şeýle – men bu bir täze kadalylyk diýip pikir edýärin. Bu biziň dowamlylygymyzyň bir bölegi. Bu hakykatdanam ideýalar urşy, başga zat däl. Açygy, biz soňky 20 ýylyň dowamynda bu ýerde lokallaşma, ýerlileşme düşünjesiniň bardygyny, ýagny terror guramalarynyň komanda we kontrol gurluşynyň böleklere bölünip, ideýalara we nöker toplamaga esaslanmak bilen, örän ýaýraň görnüşli motiwasiýa tagallasyny alyp barýandyklaryny görýäris.

Men muny örän bölünen dünýä, diýseň kyn ykdysady döwür diýip atlandyrardym we hut şu emele gelen ýagdaý sebäpli, ideýalaryň çaknyşygy sebäpli, ozal bizde hemişe wagt taýdan, giňişlik babatynda örän uly üzeňelik bolan bolsa, biz indi digital asyrda bu zatlaryň ählisini ýitirdik. Indi hemmme kişi hemme kişiniň üstünde we hemmeler hemme kişini halap hem barmaýar.

Onsoň başgalaryň pikirleniş ýollarynyň, herketiniň we işiniň şunuň ýaly açylmagy, medeniýetler we DNA-lar şunuň ýaly akyla sygmajak pikir bölünişiklerine sebäp bolýar. Şol pikir bölünişikleriniň içinde hem sen nöker toplamaklyga eýe bolýarsyň, terrorçylyga, daşardan hereket etjek adamlara eýe bolýarsyň.

Biziň soňky döwürde Kniýada gören zadymyz örän özboluşly bir töwerekde käbir örän özboluşly idelogiýalara garşy radikallaşma meselesi bolup durýar, bu ýerde ýaraglara bolan elýeterlilik hem bar, bu bir senagat we ol o taýda hemişe bolupdy. Onsoň bu häzir dörän mesele däl, şeýle-de bu hiç wagt ýok bolup gitjek bir zat hem däl.

Emma şonuň ýaly görnüşdäki elýeterlilik bilen, köp görnüşli elýeterlilik, ideýalaryň elýeterliligi, personala elýeterlilik, nöker tutulyp biljek adamlara elýeterlilik, ýaraglar sistemasyna elýeterlilik, birek-birege bolan elýeterlilik - bu hili wakalara sebäp bolýan şular we men bular täze bir kadalylyk diýip pikir edýärin.
XS
SM
MD
LG