Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk TW

Traktor agdaryldy


Geçen sişenbe güni Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň Bereket daýhan birleşiginde "Kamatsu" kysymly ýer gazýan tehnika ýoldan çykyp, uly ýaba agdarylypdyr. Ýer gazýan traktoryň näme sebäpden agandygy anyk däl. Emma ýerli ýaşaýjylar muňa ýoluň darlygynyň we erbetliginiň sebäp bolandygyny aýtdylar. Iki gije-gündiziň dowamynda uly tehnikany çykaryp bilmän, penşenbe güni uly ýaby gömüp 3-4 agyr tehnikanyň kömegi bilen agdarylan traktor suw hojalyk edarasynyň işgärleriniň we käbir ýerli ýaşaýjylaryň gatnaşmagynda çekip çykaryldy.

XS
SM
MD
LG