Sepleriň elýeterliligi

Soçide geçjek oýunlar maýyplara ünsi çekýär


Soçi, maýyp arabadaky adam, 13-nji sentýabr, 2013.

Soçi, maýyp arabadaky adam, 13-nji sentýabr, 2013.

Orsýetiň gelýän ýaz Soçide Paralimpiýa oýunlaryny myhman almaga taýýarlanmagy bilen ýurtdaky 13 million maýyp adamyň ýagdaýy barha ýokarlanýan seljerme astyna düşýär.

Rus häkimiýetleri hemmeler üçin deň şertleri üpjün etmek, eltýerliligi ýokarlandyrmak boýunça käbir möhüm ädimleri ätdiler. Emma Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň habarçylary Tom Balmfort bilen Kleýr Big Orsýetdäki maýyplaryň köpüsiniň entek jemgyýetden kän üzňelikde galjagyny habar berýär.

Mariýa Gendelewanyň bary-ýogy 25 ýaşy bar, emma ol eýýäm on ýyldan gowrak ömrüni maýyp arabasynda geçirdi.

Ýol hadysasy, maşyn çakyşygy zerarly aýaklary ysmaz bolansoň, ýaş rus aýalynyň durmuşy deň bolmadyk, ýöne onuň ýeňiş gazanmak üçin yhlas edýän söweşine öwrüldi.

Häzir Gendelewanyň doly bahaly işi bar, ol öz maşynyny sürýär we işjeň sosial durmuşyň hözirini görýär.

Orsýet ýaly ýeterlik infrastrukturasy, umumy habardarlygy bolmadyk ýurt mümkinçligi çäkli adamlar üçin jemgyýetden üzňeligi aňladýar we bu onuň ýagdaýyny kadaly bir zat däl-de, kadadan çykma ýaly edip görkezýär.

Adaty kynçylyklar

Emma Gendelewa, alçak we seçelenip duran sary saçly moskwaly zenan, öz maýyp arabasyndaky durmuşynyň kötel basgançaklaryň we barmasy kyn jemgyýetçilik binalarynyň garşysyndaky kynçylyk-külpetiniň az däldigini aýdýar:

Orsýet, maýyp adsamlara kino görkezilýär, Ulýanowsk, 22-nji awgust, 2013.

Orsýet, maýyp adsamlara kino görkezilýär, Ulýanowsk, 22-nji awgust, 2013.

"Men muňa eýýäm şeýle endik bolup gidipdirin, sebäbi bu hemişe bolýan zat we men ony kän saýgaryp hem duramok. Men, ýeri, bolýar diýýän we ýolumy dowam etdirýän. Meniň üçin tersine, uzakly gün hiç bir päsgelçilik ýa böwetler bolmasa geň."

Orsýet maýyp adamlar üçin durmuş şertlerini gowulaşdyrmakda möhüm ädimleri ätdi. Şol sanda 2012-nji ýylyň maýynda BMG-niň maýyp adamlaryň hukuklary baradaky Konwensiýasyny hem tassyklady we birnäçe aý soň bütin ýurt boýunça Elýeterlilik gurşawy programmasyny kabul etdi.

2014-nji ýylyň martynda Orsýetiň Soçi şäherinde Paralimpik oýunlary geçiriler.

Orsýetde soňky Olimpiýa oýunlary kän öň, baryp 1980-nji ýylda geçirilipdi. Şol wagt sowet häkimiýetleri Sowet Soýuzynda «maýyp adamlaryň ýoklugyna» salgylanyp, Moskwada Paralimpik oýunlara rugsat bermändi.

"Öz günlerini özleri görmeli"

Bu günki ilerlemelere garamazdan, Orsýetiň 13 million maýyby şindem köplenç öz gününi özi görmeli ýagdaýda galýar.

«Human Rights Watch» geçen aýdaky hasabatynda Orsýetde maýyp adamlar üçin ýeterlik uýgunlaşdyrylan şertleriň we hyzmatlaryň bolmazlygyny tankyt etdi.

Bu topar özüniň "Hemme ýerde päsgelçilik" diýip atlandyran 108 sahypalyk hasabatynda Orsýetde maýyp arabasyna baglanan adamlaryň köpüsiniň öýlerinden çykmasynyň hyllalladygyny, sebäbi olaryň ýaşaýan jaýlarynda ne uýgun girelge-çykalgalaryň, ne-de liftleriň bardygyny aýdýar.

Şeýle-de hasabat maýyp arabalary üçin gurlan geçelge-ýodajyklaryň ulanardan amatsyz edilen ýerlerini, olaryň öňüniň köplenç çyra sütünleri, telekeçileriň dükanlary ýa-da goýlup gidilen maşynlar bilen baglangy bolýandygyny ýüze çykardy.

Jemgyýetçilik transporty hem maýyp adamlar üçin kyn synaglygyna galýar we käte howply ýagdaýlara alyp barýar.

Kör adam "Üç gezek ýykyldym" diýýär

Hasabat üçin interwýu alnan kör adam özüniň metro otlusynyň platformasyndan üç gezek ýykylandygyny we bir gezeginde eliniň döwlendigini gürrüň berdi.

Maýyp arabaly adamlaryň münüp bilmegi üçin ýöriteleşdirilen awtobuslar örän az we olaryň gatnaýan wagtynyň arasy uzak diýip, «Human Rights Watch» aýdýar.

Şeýle-de hasabatda sürüjileriň köplenç, beýleki ýolagçylaryň gijikme barada arz etmeginden gorkup, maýyp arabaly adamlaryň maşyna münmegine rugsat bermeýändigi bellenilýär.

Orsýetde maýyp arabaly adamlar üçin taksiler işleýär, ýöne olar gymmat we kän gün öňünden çagyrylmaly.

«Human Rights Watch» guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, Orsýetde maýyp adamlar deň iş, okuw mümkinçileri, saglyk hyzmatlarynyň elýeterliligi babatda hem kemsidilmelere duçar edilýär.

Iş, okuw mümkinçiligi

Resmi statistika görä, olaryň 80 prosenti işsiz.

Hukuk toparlary Orsýetiň maýyp adamlary jemgyýete goşmak üçin has köp iş etmelidigini aýdýarlar.

Gendelewa öz otnositel awtonomiýasyny gazanmak üçin berk durup göreşmeli boldy. Ol ýerli häkimiýetleriň ežesi bilen bile ýaşaýan kwartirasynyň girelgesinde ýörite uýgunlaşdyrylan basgançak oturdyp bermeklerini gazandy.

Orsýetiň jemgyýetçilik transporty bilen birnäçe ýyl darkaş guranyndan soň bolsa, ol ahyry maşyn satyn almak üçin pul toplamak kararyna geldi.

Moskwada maýyp adamlara maşyn sürmegi öwredýän birje mekdep bar, Gendelewa oňa girmek üçin birnäçe aý garaşmaly boldy.

Soň ol maşyn satyn aldy we ony öz puluna elde gaz berilýän etdirdi.

Awariýa düşeli bäri birnäçe iş çalşyryp, şol sanda gartaşan adamlara sungat sapagyny berip, ol ahyry alty ýyl mundan öň Moskwadaky «Perspektiwa» maýyp hukuklary toparynda işläp başlady.

Indi ol yzygider syýahat edýär, şol sanda iş üçin we keýpine uçarly daşary ýurtlara hem gatnaýar.

Emma maýyp adamlaryň hemmesi Gendelewa ýaly erjel däl.

Gendelewa we beýleki maýyp hukuklaryny goraýjylar Soçide geçjek Paralimpik oýunlar Orsýetdäki maýyplaryň ýagdaýyna ünsi çekmäge kömek eder diýip umyt edýärler.
XS
SM
MD
LG