Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Bäş esger öldürildi


Müsüriň harbylary

Müsüriň harbylary

Duşenbe güni Müsürde Suez kanalynyň golaýyndaky Ismailia şäherinde bäş esger atylyp öldürildi. Bu barada ýerli howpsuzlyk resmileri habar berýär.

Maglumata görä, hüjümçiler esgerleriň barlag-gözegçilik nokadynda, ulagda oturan mahaly ot açypdyrlar. Soňky hepdeleriň dowamynda, bu sebitde söweşijidigi güman edilýän adamlar howpsuzlyk güýçlerine garşy ençeme tapgyr hüjümleri edipdiler.

Bu aralykda paýtagt Kairde näbelli hüjümçiler aragatnaşyk satelit ulgamlaryna hüjüm etdiler.

Şeýle-de duşenbe güni Sinaidaky al-Tour şäherinde güýçli ulag partlamasy ýüze çykdy. Wakada azyndan iki adam öldi, başga-da 50-ä golaýy ýaralandy.

Müsüriň harbylary Sinai ýarymadasynda aşa dinçi söweşijilere garşy ýörite operasiýa geçirýärler.
XS
SM
MD
LG