Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Iki ofiser öldürildi


Bir adam bomba partlamasynda ejir çeken gyzjagazy keselhana göterip barýar. Peşawar, Pakistan. 7-nji oktýabr, 2013 ý.

Bir adam bomba partlamasynda ejir çeken gyzjagazy keselhana göterip barýar. Peşawar, Pakistan. 7-nji oktýabr, 2013 ý.

Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Peşawar şäherinde poliomielite garşy sanjym edýän toparyň golaýynda bomba ýaryldy. Partlamada polisiýanyň azyndan iki işgäriniň ölendigi, başga-da onlarçasynyň ýaralanandygy aýdylýar.

Hüjümiň nyşanasynyň topary goramaga berkidilen polisiýa işgärleriniň bolandygy çaklanylýar.

Pakistanda “Talyban” poliomielite garşy sanjym kampaniýalaryny Günbatar tarapyndan musulmanlara garşy gönükdirilen bir çäre hökmünde häsiýetlendirenden soň, saglyk işgärlerine hüjümler artdy.
XS
SM
MD
LG