Sepleriň elýeterliligi

Medisina boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy


Ekranda Jeýms Rothmanyň (ç), Randy Şekmanyň (o) we Tomas Suedhofyň suratlary. 7-nji oktýabr, 2013 ý.

Ekranda Jeýms Rothmanyň (ç), Randy Şekmanyň (o) we Tomas Suedhofyň suratlary. 7-nji oktýabr, 2013 ý.

Medisina ýa-da Psihologiýa boýunça Nobel baýragynyň şu ýylky eýeleri yglan edildi. Baýrak ABŞ-ly Jeýms Rothmana we Randy Şekmana, şeýle-de germaniýaly Tomas Suedhofa berildi.

Bu barada duşenbe güni Stokgolmdaky Şwesiýanyň akademiýasynda yglan edildi.

Rothman “Yale” uniwersitetinde professor, Şekmen Berkeleýiň ýanyndaky Kaliforniýa uniwersitetinde professor, Suedhof hem Stanford uniwersitetinde professor bolup işleýärler.

Her ýyl Medisina boýunça Nobel baýragyyň eýeleri ilkinji bolup yglan edilýär. Nobel baýragy 1895-nji ýylda şwesiýaly senagatçy Alfred Nobel tarapyndan esaslandylypdy.
XS
SM
MD
LG