Sepleriň elýeterliligi

Türkmen hökümetinde ikinji lider fenomeny


Türkmenistanyň dürli döwürlerdäki daşary işler ministrleri. Boris Şyhmyradow (çepde), Awdy Kulyýew (ortada), Reşit Meredow.

Türkmenistanyň dürli döwürlerdäki daşary işler ministrleri. Boris Şyhmyradow (çepde), Awdy Kulyýew (ortada), Reşit Meredow.

Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda ýokardan bir lider, bir agza bakmak we bir lideriň daşynda jebisleşmek pikiri öňe sürüldi.

Türkmenistanyň ozalky przidenti S.Nyýazow 1990-njy ýyllaryň başynda özüniň hökümetde ikinji lider meselesine garşydygyny aýtdy, ýagny munuň mydama birinji lider bilen arada basdaşlyga, häkimiýet ugrundaky göreşe getirýändigini öňe sürdi we ähli häkimiýeti diňe öz elinde jemlemek maksadyna eýerdi.

Bu ýagdaý metbugatda diňe bir adamyň, prezidentiň mahabatlandyrylmagyna, hemme işiň şonuň ady bilen baglanyşdyrylmagyna giň ýol açdy.

Şonuň bilen birlikde, synçylaryň käbiriniň pikirine görä, bu ýagdaý beýleki hökümet wekilleriniň jemgyýetdäki roluna kembaha garalmagyna, belki-de olaryň atlarynyň kän agzalmazlygyna getirdi.

Metbugatda çykyş etmek, pikirleri ile ýetirilmek hukugy, ilki söz, soňky söz hukuklary diňe prezidente degişli ýaly boldy.

Şonuň bilen bir wagtda hökümetiň möhüm pudaklarynyň biri bolan Daşary işler ministrligi, bu ministrligiň başynda duran ýolbaşçynyň töwereginde dürli pikirler döredi. Sebäbi halk içinde bu wezipä bellenen adama nähilidir bir aýratyn garaýyş, hormat bar diýip, synçylar aýdýarlar.

Emma bu wezipä geçen adamlar, adatça, Nyýazow bilen oňuşman başlady. TSSR döwrüniň soňunda daşary işler minsitri bolan Abdy Kulyýew oppozisiýa geçip, daşary ýurtda ýogaldy. Halykberdi Ataýew işden gyrakladyldy. Boris Şyhmyradow we Batyr Berdiýew uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi...

Emma Reşit Meredow bu wezipede on ýyldan gowrak bäri işleýär we halk içinde onuň ikinji lider ornunda görülýändigi barada pikirler bar.

Golaýda Reşit Meredowyň BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň adyndan çykyş etmegi, şol bir wagtda bu çykyşyň resmi türkmen metbugatynda orun almazlygy bu pikirleri has-da güýçlendirdi.

Azatlyk Radiosy nobatdaky "Tegelek stol" söhbetdeşligini Türkmen hökümetinde ikinji lider fenomeny baradaky pikir alyşma bagyşlamagy makul bildi.

Eýsem bu ýerde nähili mesele, gapma-garşylyk ýa düşünişmezlik bar? Adamlar näme üçin ikinji lideri görmek, tapmak ýa arzuw-hyýal arkaly döretmek isleýärler?

Bu baradaky pikir-garaýyşlaryňyzy, belliklerňizi, çaklamalaryňyzy paýlaşsaňyz, söhbete gatnaşsaňyz, hoşal bolarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG