Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Ganly çaknyşyklar dowam edýär


Morsi tarapdarlary göz ýaşardýan gazdan gaçýar, Kair, 6-njy oktýabr, 2013.

Morsi tarapdarlary göz ýaşardýan gazdan gaçýar, Kair, 6-njy oktýabr, 2013.

Müsürde diňe duşenbe güni azyndan 10 esger öldürildi; ýekşenbe güni howpsuzlyk güýçleri bilen gyrakladylan prezident Muhammad Morsiniň tarapdarlarynyň arasynda bolan çaknyşyklarda bolsa azyndan 51 adam öldrilip, ýüzlerçe adam ýaralandy.

Ýekşenbede, howpsuzlyk güýçleri Tahrir meýdançasyna barmaga synanyşan Morsi tarapdarlarynyň öňüni alanda, diňe Kairiň özünde kyrk adam öldürildi. Şol gün harbylaryň goldawyndaky geçiş hökümeti Tahrir meýdançasyna ýygnanyp, 1973-nji ýyldaky Arap-Ysraýyl urşunyň başlanmagynyň 40 ýyllygyny belleýärdi.

Morsiniň tarapdary Tarek özüniň ýekşenbe güni Müsüriň paýtagtyna gelmeginiň sebäbini şeýle düşündirdi:

"Men goşunda rezerwdäki ofiser bolupdym we bu harby doktrina bolmandy. Biz Ysraýyla garşy söweşipdik, Müsüriň halkyna garşy söweşmändik. Özüňizi sylaň. Siziň harby lybasyňyz, dubinkalaryňyz, sizi saklaýan her bir zat biziň pulumyz bilen alynýar. Biziň öz pulumyza alnan tüpeňi meniň göwsümden çenemek utanç ahyryn. Biz 1967-nji ýylda ýolugan we şindem gutulyp bilmeýän betbagtçylygymyz ýaly bir zada uçardykmykak diýip gorkýarys."

423 adam tussag edildi

Içeri işler ministrligi ýurt boýunça 423 sany Morsi goldawçysynyň tussag edilendigini aýtdy.

Morsi goldawçysy howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşyk mahalynda ýykyldy. Kair, 6-njy oktýabr, 2013.

Morsi goldawçysy howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşyk mahalynda ýykyldy. Kair, 6-njy oktýabr, 2013.

Müsüriň häkimiýetleri şenbe güni kimde-kim 1973-nji ýylda Ysraýylyň goşunlarynyň hüjüm etmeginiň 40 ýyllygynyň bellenýän wagtynda goşuna garşy protest bildirse, onuň aktiwist däl, daşary ýurtlaryň içalysy hökmünde görüljegini öňünden duýduryp goýdy.

Yslamçylaryň Hökümet agdarylyşygyna garşy ýaranlygy şu hepde has köp protest geçirilmegine çagyrdy, aýratynam Müsürdäki uniwersitetleriň we mekdepleriň studentleriniň sişenbe güni «bu dowam edýän gyrgynçylyklara» garşy protest geçirmeklerine çagyrdy.

Soňky gowşan habarlara görä, duşenbe güni Müsürde geçip barýan maşyndan atylan tüpeň, ulag bombasynyň partladylmagy netijesinde azyndan 10 esger öldürildi.
Kairde näbelli hüjümçiler ýurduň esasy sputnik aragatnaşygy edarasynyň jaýyna azyndan iki granatemet okuny atdylar, bir satalit çanagyna zyýan ýetdi.

Duşenbe güni Sinaýdaky al-Tour şäherinde, howpsuzlyk güýçleriniň binalar toplumynda güýçli ulag bombasy partladylyp, bäş adam öldi, 50 adam ýaralandy.
Harbylar 3-nji iýulda hökümete garşy geçirilen köpçülikleýin köçe protestleri sebäpli Morsini prezidentlikden çetleşdireli bäri Müsürde ýüzlerçe adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG