Sepleriň elýeterliligi

"Zemin şemaly"


Ösümligiň tozgajyklary

Ösümligiň tozgajyklary

Publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň goşgulary.

Ýurdy ýetim goýar duşmadyk serdar,
Şu ýetimlik ýetimligiň ýowuzy.
Iliň gazanany bezenmä ýetmez,
Egsiler dolusy, dolmaz gowuzy.

“Zemin şemaly”

Ýel ýeldirgäp ösýär,
galdyrap ösýär,
Taýyp,
büdräp ösýär,
haýal,
tiz ösýär.
Ýeliň raýyna gidip dag ösýär,
Çöl ösýär,
köl ösýär,
duz,
düz,
buz ösýär.
Adamy durkunda goýanok bu ýel,
Kem çin deý alýar oň elinden erkin.
Ýeliň islegine,
buýruk,
emrine,
Boýun bolup, oňa höwrükýär her kim.

Onsoň kimsäň kellesinde ýel ösýär,
Jübsünde ýel ösýär,
Ösýär tiz, haýal.
Eý, Taňrym, bu hala eýle bir çäre,
Öýleň ýurt ýerinde ösmesin bu ýel…
XS
SM
MD
LG