Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlarynyň internetde gozgaýan meseleleri


"Twitter" sosial ulgamynyň logotipi
"Twitter" sosial ulgamynyň logotipi
Mälim bolşy ýaly Täze Tolkun gepleşiginde her hepde türkmen ýaşlarynyň sosial websaýtlarda we sosial medialarda gozgaýan temalary barada durulyp geçilýär.

"Twitter" sosial ulgamynda soňky günlerde ýörgünligi artýan türkmen toparlaryndan biri “E-Mekdep”. Twitterdäki bu sosial topar esasan hem mekdebe, mugallymlara, kitaplara degişli dana sözleri ýa-da maglumatlary paýlaşýar.

“E-Mekdep” toparynyň 1-nji oktýabrda paýlaşan “Mugallymlar, siziň berýän aň-bilimiňiz çaganyň bütin durmuş ýoluny ýagtylandyrmaga ýetmelidir” diýen tweeti jemi üç sapar retweet edilip, ýagny gaýtalanyp çap edilip, bir sapar hem halanypdyr.

Şeýle-de, Twitterde “Ene dilim” toparynyň “Etemok”diýip ýazmaýan bolsaň, näme üçin “etýän” diýip ýazýarsyň?” diýen sorag bilen paýlaşan tweeti hem gürrüňi edilýän sosial saýtyň agzalarynyň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. Ol üç sapar retweet edilip, 1 sapar halanypdyr.

Bu tweete gelip gowşan jogaplar bolsa şeýleräk: “Melodiýa”, ýagny @turkmengyz lakamly agza paýlaşan tweetiniň başyna “@enedilim” ýazyp, “entek” sözüni “intäk” diýip ýazýanlar, “tentek” sözüni “tintäk” diýip ýazýarmyka?” diýen soragy galdyrypdyr.

Muny Azat Rahmanow, ýagny @Azadik atly agza “Sözüň yzyna çekimli bilen başlanýan goşulma goşulanda, “k,p,t,ç” sesleri “g,b,d,j” öwrülýär. Meselem: etdim, edemok” diýip ýazan tweeti bilen jemläpdir.

Muňa “Ene dilim” topary “@Azadik diňe çekimli ses bilen başlanýan goşulma däl-de –rak, -räk, -ýar, -ýär goşulanda-da açyga öwrülýär” diýip jogap beripdir.
Öz gezeginde Azadik atly agza-da ”Ene dilime” “ylalaşamok, käbir sözlerde şeýle bolaýmasa?” diýip, ”Atýar, Gitýär, Gaçýar” sözlerinde öwrülenok diýip ýazypdyr. “Ene dilim” hem gaýtadan “Hiç haçan ‘gitýär’ diýip ýazylan däldir” diýip, belläpdir.

Bu gürrüňe goşulanlardan ýene biri Agamyrat atly agza bolsa, “Bu diňe iki bogunly we soňy k.p.t.ç bilen gutaran sözler üçin” diýip, tweet galdyrypdyr.

Garaz, bu mesele Twitter agzalarynyň käbirleriniň arasynda uly gyzyklanma döredipdi.

“Ertir.com”

Geçen hepdäniň dowamynda “Ertir.com” sosial saýtynda iň köp gürrüňi edilen meselelerden biri bolsa, “Maro bilen söhbetdeşlik” atly temadyr. Bu tema 29-njy sentýabrda gozgalypdyr we 1-nji oktýabra çenli jemi 4026 sapar okalypdyr. Bu tema jemi 262 sany teswir gelip gowşup, ol 73 sapar hem halanypdyr.

Bu temanyň şeýle köp okalmagynyň, oňa şeýle köp teswir gelip gowuşmagynyň sebäpleri bilen gyzyklanýan bolmagyňyz mümkin. Ynha, onuň jogaby: bu temanyň çäginde “Ertir.com” sosial saýtynyň agzalary göni online görnüşde il içinde Maro ady bilen tanalýan aýdymçy Maksat Kakabaýewa, onuň aýdym-saz sungaty, maşgala durmuşy barada özlerini gyzyklandyrýan soraglary berýärler.

Maro, ýagny Maksat Kakabaýew hem olara online görnüşde jogap berýär. Maro berlen soraglaryň arasynda şeýleräk sowallar bar:

“Ine, meň aydymçym !!! Gönümelrägem bolsa sorap galaýyn. Taýýar aýdymlaryň sözüni "türkmenleşdirip" aýdýan wagtyňyz ol aýdymlaryň öz hakyky eýeleri sizi diňläp suda berer öýdüp gorkaňyzokmy? Bu soragy gürrüňi edilýän sosial saýtyň Banuçiçek atly agzasy galdyrypdyr.

Maronyň oňa beren jogaby şeýleräk:

“Ilki bilen aýdym almak barada. Aýdymçy ýaňy başlan wagtynda başga bir aýdymçyñ aýdymyny aýdyp biler, ol ogrulyk dälmika diýýän. Sebäbi aýdymçy başlanynda hiç hili prodýuser ýok, sponsor ýok. Şonuñ üçin maslahatçy ýok. Garaz, bir zatdan ýapyşmalyda. Emma haçan-da bir derejä gelip ýyldyz bolandan soň eýesinden soraman [aýdymyny alyp] aýtsa onda, ol bolmaýar... Esasy zatlaryň birem aýdym däl-de biriniñ abraýyny ogurlamaly däl!”

Garaz, bu tema şu we şuňa meňzeş birnäçe beýleki sorag-jogaplar bilen dowam edýär. Maro berjek soraglaryňyz bar bolsa bu tema “Ertir.com” sosial saýtynda heniz hem dowam edýär.

“Vkontakte”

Geçen hepde “Vkontakte” sosial ulgamynda bolsa gürrüňi edilen esasy şahsyýetlerden biri şahyr Gurbannazar Ezizowdyr. Geçen hepde, ýagny 29-njy sentýabrda onuň dünýäden ötenine jemi 38 ýyl boldy. Bu sene mynasybetli onuň hatyrasyna “Vkontakte” sosial ulgamynda ençeme teswirler ýazylypdyr. Şol teswirlere geçmezden ozal ilki bilen türkmenleriň beýik şahyrlaryndan biri bolan Gurbannazar Ezizowyň ömür ýoly barada gysgajyk durup geçýäris.

Türkmen şahyry Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin obasynda eneden doglupdy. Ol 1948-nji ýylda mekdebe barýar we 1959-njy ýylda Aşgabat şäherindäki 29-njy orta mekdebi tamamlaýar. Şol ýyl Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär.

Uniwersiteti 1964-nji ýylda tamamlaýar we Çagalar edebiýatynyň birleşen neşirýatynyň redaksiýasyna işe iberilýär. Şol ýylam goşun gullugyna çagyrylýar. 1965-nji ýylda, gullugy tamamlap geleninden soň, 1970-nji ýyla çenli “Edebiýat we sungat” gazetiniň poeziýa (şygyrýet) bölüminiň müdiri bolup işleýär. 1972-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde edebi geňeşçi bolup işleýär.

Gurbannazar Ezizow 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Krasnowodsk şäherinde (häzirki ady Turkmenbaşy) ýaş ýazyjy-şahyrlaryň Bütinsoýuz festiwaly wagtynda Gazanjyk şäheriniň ýanyndaky ýolda tragiki ýagdaýda aradan çykýar. Ýagny ol sowet esgeri tarapyndan atylyp öldürilýär. Onuň bilen bilelikde moskwaly şahyr Wasiliý Şabanow we türkmenistanly rus şahyry Ýuriý Rýabinin hem wepat bolýarlar. Onuň dört gyzy we bir ogly bar.

Gurbannazar Ezizow gysgajyk 35 ýyllyk ömründe köp sanly ajaýyp goşgulary döretdi we onuň goşgulary häzirki günlerde aýdymçylar tarapyndan aýdym edip hem aýdylýar.

Gurbannazar Ezizowyň hatyrasyna “Vkontakte” sosial ulgamynda “Duralga” atly topar tarapyndan ýerleşdirilen:

“Giderin, giderin uzakdyr ýollar.
Söýerin, işlärin, aglap gülerin.
Kim men? Näme gadym dünýäň ýüzünde?
Men bulary… ölemden soň bilerin”
diýen setirleri sosial saýtyň agzalary tarapyndan 27 sapar paýlaşylyp, 89 sapar hem halanypdyr.

Şeýle-de oňa gelip gowşan teswirleriň birinde Aýmyrat Geldiýew atly agza “Beyik şahyr söýgüli şahyr indi beýle uly talant dünýä inmez jaýy jennetden bolsun” diýip şahyr baradaky pikirlerini galdyrypdyr.
XS
SM
MD
LG