Sepleriň elýeterliligi

Putin düşündiriş soraýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine Nederlandlaryň häkimiýetine ýüzlenip, Gaagada rus diplomatynyň ýenjilmegi diýip häsiýetlendirilen waka boýunça düşündirişiň berilmelidigini we ötünjiň soralmalydygyny aýtdy.

Şeýle-de Putin bu waka bilen ilteşikli adamlaryň jezalandyrylmalydygyny belledi. Putin rus tarapynyň jogaby Nederlandalaryň kabul etjek çärelerine görä kesgitleniljekdigini hem sözüne goşdy.

Sişenbe güni ir bilen Russiýanyň Daşary işler ministrligi bu waka bilen baglylykda, Nederlandlaryň Moskwadaky ilçisini çagyrdy.

Russiýanyň berýän maglumatyna görä, ýekşenbe güni bir topar ýaragly adam Dmitriý Borodiniň öýüne girip, ony ýenjip başlapdyr. Hüjümçiler Borodiniň goňşularynyň onuň çagalaryna zorluk edýändigi barada şikaýat edendiklerini öňe sürüpdirler.

Daşary işler ministrligiň sözlerine laýyklykda, mundan soň Borodiniň elleri gandala baglanyp, ol polisiýa eltilipdir. Borodiniň diplomatiki statusynyň bolmagyna garamazdan, ol gijäni tussaglykda geçirdi.

Nederlandly resmiler bu wakany derňeýändiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG