Sepleriň elýeterliligi

Dostum ötünç sorady


General Raşid Dostum (sagda).

General Raşid Dostum (sagda).

Owganystanda ozalky harby komandir general Abdul Raşid Dostum ýurduň graždançylyk urşy döwründäki hereketleri üçin ötünç sorady.

Dostum 7-nji oktýabrda ýaýradan beýanatynda “biziň syýasatymyz sebäpli pida edilen owganlylardan ötünç soramagyň wagty geldi” diýilýär.

Bu graždançylyk urşuna gönümel gatnaşan harby komandiriň ilkinji gezek ötünç soramagydyr. Dostum ozalky özbek söweşijisi bolup, ol uruş jenaýatlarynda aýyplanýar.

1992-96-njy ýyllardaky graždançylyk urşunda parahat ilatyň arasyndan ýüz müňlerçe adam heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG