Sepleriň elýeterliligi

Burma: Syýasy tussaglar goýberildi


Burmada 56 sany syýasy tussag azat edildi. Bu hökümete garşy çykandygy üçin türmä basylan ähli bendileri şu ýylyň ahyryna çenli boşatmak kampaniýasynyň çäginde amala aşyryldy.

Prezident Thein Sein tussaglary azat etmek baradaky karary sişenbe güni çykardy.

Hökümet tarapyndan bellenilen Syýasy tussaglar bilen işleýän edara azat edilenleriň 18-niň kaçin gozgalaňçylardygyny aýtdy.

Burmada azlyk bolup ýaşaýan kaçin milleti garaşsyzlygy ýa-da has köp awtonomlygy talap edip hökümete garşy göreşýär.

2011-nji ýýlyň martynda häkimiýet başyna dünýewi Thein Sein geçeli bäri, Burmada ýüzlerçe syýasy tussag azatlyga goýberildi. Mundan öň, ýurdy onlarça ýylyň dowamynda harbylar dolandyrypdy.
XS
SM
MD
LG