Sepleriň elýeterliligi

Phenýan: "Hüşgärlik ýokarlandy"


Demirgazyk Koreýanyň esgerleri

Demirgazyk Koreýanyň esgerleri

Demirgazyk Koreýa ýurtda harby hüşgärlik derejesini ýokarlandyryp, operasiýalary başlamaga taýýardygyny mälim etdi.

Demirgazyk Koreýanyň harbylarynyň metbugat wekili ABŞ-nyň Günorta Koreýanyň töwereklerine öz gämilerini ýollamagynyň “erbet netijeleriniň boljakdygyny” duýduryp, çykyş etdi.

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi bu çäräniň adaty halas ediş türgenleşikleriniň çäginde amala aşyrylýandygyny, şeýle-de Phenýanyň bildirýän aýyplamalarynyň “ýalňyşdygyny” belledi.

Phenýan bilen Seulyň arasyndaky gepleşikleri ýola goýmak tagallalarynyň çäginde, aprel aýynda iki ýurt tarapyndan hem dolandyrylýan fabrika täzeden işläp başlapdy. Emma mundan soň, gepleşikler petige diredi.
XS
SM
MD
LG