Sepleriň elýeterliligi

Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy


Britaniýaly fizik Peter Higgs (sagda) belgiýaly alym Fransua Englert bilen gürleşýär.

Britaniýaly fizik Peter Higgs (sagda) belgiýaly alym Fransua Englert bilen gürleşýär.

Fizika boýunça Nobel baýragynyň şu ýylky eýeleri britaniýaly Peter Higgs we belgiýaly Fransua Englert boldy. Alymlar älemiň giňelmeginde esasy roly oýnaýar diýilýän bölejik bilen baglylykda işleri alyp barýardylar.

"Hudaýyň bölegi” hem diýlip atlandyrylýan bu bölejik, ilkinji gezek, 1964-nji ýylda Higgs tarapyndan öňe sürlüpdi.

Fizika boýunça Nobel baýragynyň laureatlary sişenbe güni Şwesiýanyň Ylymlar akademiýasynda ylgan edildi. Baýrak bilen birlikde, 8 million krona ($1.2 million) möçberine pul hem berilýär.

Nobel baýragy şwesiýaly senagatçy Alfred Nobel tarapyndan esaslandylypdy.
XS
SM
MD
LG