Sepleriň elýeterliligi

Yssyk-Kölde protestler dowam edýär


Gyrgyzystanyň Jeti-Oguz etrabynda Sara we Darhan obalaryna barýan ýol böwetlendi, Yssyk-Köl, 8-nji oktýabr, 2013.

Gyrgyzystanyň Jeti-Oguz etrabynda Sara we Darhan obalaryna barýan ýol böwetlendi, Yssyk-Köl, 8-nji oktýabr, 2013.

Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Yssyk-Köl regionynda ýüzlerçe protestçi esasy şosse ýoluny böwetledi. Protestçiler ýurduň iň uly altyn käni bolan Kumtor käniniň döwletiň eýeçiligine geçirilmegini talap edýärler.

Sişenbe güni Karakol-Bişkek gara ýoly 400-e golaý protestçi tarapyndan ýykylan agaçlar we azyndan bir sany agdarylan awto ulagy bilen böwetlendi.

Özüni Abylas Usenbaýew diýip tanadan bir protestçi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş boldy. Ol, eger polisiýa ýolda goýlan böwetleri aýyrmaga synanyşsa, “Molotow kokteýli” diýlip atlandyrylýan elde ýasalan ýandyryjy serişdeler bilen ýaraglanan 100-e golaý atly adamyň muňa garşy çykjakdygyny habar berdi.

Protestçileriň talaby

Usenbaýewiň sözlerine görä, protestçiler Kumtor altyn käniniň millileşdirilmegini, şeýle-de duşenbe güni regionyň paýtagty Karakolda polisiýa tarapyndan tussag edilen adamlaryň tizden-tiz boşadylmagyny talap edýärler.

Duşenbe güni Karakolda kanun goraýjy güýçler bir regional resmini zamun alan 600 çemesi protestçini dargatmak üçin olara garşy göz ýaşardyjy gaz ulandylar.

Karakolda protestçiler hökümetiň regiondaky wekili Emil Kaptagaýewi awtoulagda gabadylar we ulagyň üstüne benzin guýup, Kumtor altyn käni boýunça talaplaryň ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda ony otlamak haýbatyny atdylar.

Protestçiler Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mariýa Kolesnikowanyň ençeme sagatlap awtoulagyň içinde saklanan Kaptagaýew bilen söhbetdeş bolmagyna rugsat berdiler.

Kaptagaýew maşynyň içinde kükäp duran benziniň ysynndan ýaňa başynyň aýlanýandygyny gürrüň berdi. Kaptagaýew Kumtor barada kararyň özüne degişli däldigini we onuň parlamentiň garamagyndadygyny, meseläniň parlamentiň çarşenbe günki maslahatynyň gün tertibine girizilendigini mälim edipdi.

Polisiýa protestçileri dargadandan soň Kaptagaýew zamunlykdan sag-aman gutuldy. 23 protestçiniň tussag edilendigi barada habar berildi. Dört adam, şol sanda iki sany polisiýa ofiseri keselhana düşdi.

Sişenbe güni Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew bu zorlugyň jikme-jik derňelmegini talap etdi.

Yssyk-Köl regionynyň prokurorlary zamun alyşlyk, häkimiýet wekillerine garşy zorluk, huligançylyk we adamyň janyna howp salmak ýaly aýyplamalaryň esasynda protestçileriň garşysyna derňew işlerini gozgadylar.

Kumtor käni

Kumtor altyn käni Gyrgyzystanyň ykdysadyýetiniň 12%-ini emele getirýär.

Maý aýynyň aýagynda bu käniň golaýynda müňlerçe protestçi polisiýa bilen çaknyşypdy. Olar altyn käniniň millileşdirilmegini talap edipdi we altyn käninde işleýän Kanadanyň “Senterra Gold” kompaniýasyny az salgyt tölemekde we tebigata zeper ýetirmekde aýyplapdylar.

Şol wakalar hökümetiň “Senterra Gold” kompaniýasy bilen has amatly ylalaşyk baglaşmak boýunça iş geçirmegine itergi beripdi.
XS
SM
MD
LG