Sepleriň elýeterliligi

Hanks süýji kesele uçrady


"Hollywood"-yň kino ýyldyzy Tom Hanks özünde diabet, ýagny süýji keseliniň bardygyny mälim etdi. Oskar baýragynyň eýesi doktorynyň özünde diabetiň ikinji görnüşiniň bardygyny anyklandygyny aýtdy. Hanks bu barada amerikan telekanalynda belläp geçdi.

57 ýaşly Hanks kesele kontrol edilýändigini, ýöne soňunda hemme kişiniň ölýändigini aýdyp degişdi.

Tom Hanks amerikanyň telekanalynda Deýwid Lettermeniň alyp baryjylygyndaky telegepleşige özüniň täze çykan “Captain Phillips,” ýagny “Kaptan Filips” kinofilmini mahabatlandyrmak maksady bilen gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG