Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-ly kanun çykaryjylar alada bildirýär


Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň 40 agzasy Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilýän 2014-nji ýylyň gyşky olimpiadalaryna baran amerikaly türgenleriň we tomaşaçylaryň howpsuzlygy we bejergileri barada kepil geçmegini sorap ABŞ-nyň Döwlet olimpiýa geňeşine hat ugratdy.

Gürrüňi edilýän bu hatda kanun çykaryjylar “Russiýanyň anti-gomoseksuallar kanuny” barada alada bildirýär diýilýär.

Şeýle-de, hatda Russiýada gomoseksuallara garşy edilen ençeme hüjümler bellenilip geçilip, kanun çykaryjylaryň Russiýanyň kanunyna boýun egmejek adamlaryň howpsuzlygy barada howatyrlanýandygy nygtalýar.

Russiýada bu çäre ýetginjek ýaşyna ýetmediklere gomoseksual propaganda etmek diýip atlandyryp, onuň ýaýradylmagy kanuny esasynda gadagan edilýär.
XS
SM
MD
LG