Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyban: Baradar heniz hem türmede


Owganystanyň “Talyban” hereketi Pakistan Mullah Baradary boşatmak barada beren sözünde durmady diýýär. Mullah Baradar owganystanly “Talyban” hereketiniň öňki ýokary derejeli komandirleriniň biridir.

Owganystanlylaryň köpüsi “Talyban” hereketi bilen parahatçylykly gepleşiklere başlamak üçin Baradara esasy adam hökmünde garaýarlar.

Sentýabr aýynyň ortalarynda Pakistan Baradaryň azatlyga goýberilýändigini yglan edipdi, emma şondan bäri onuň nirededigi barada hiç hili maglumat bermedi.

Maglumatlarda Baradaryň şondan soň Pakistanyň Peşawar şäherindäki howpsuz öýe ýerleşendigi aýdylýar. Pakistanyň bu şäheri ýurduň Owganystan bilen araçäginiň golaýynda ýerleşýär.

Çarşenbe güni “Talyban” hereketiniň metbugat wekili Zabihullah Mujahid bolsa Baradaryň “heniz hem gijelerini we gündizlerini türmede geçirýändigini” we onuň saglygynyň “gün-günden” erbetleşýändigini aýtdy.

Owgan prezidenti Hamid Karzaý şu hepde eden çykyşynda Baradaryň azatlygynyň heniz hem çäklendirilendigini aýdyp, Pakistana hyzmatdaşlyk etmäge çagyryş edipdi.
XS
SM
MD
LG