Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Kumtor" käni geňeşilýär


Gyrgyz parlamenti Kanadanyň “Centerra Gold” kompaniýasynyň Gyrgyzystanyň “Kumtor" altyn goruny dolandyryşy barada täze we maglumatlara görä has düşewüntli şertnamany taýýarlamak barada maslahat edýär. “Kumtor” Gyrgyzystanyň iň uly altyn gorudyr.

Çarşenbe günki bu maslahat ýurduň Yssyk-köl welaýatynda ýaşaýjylaryň “Kumtoryň” millileşdirilmegini talap edip geçiren protetsleriniň yz ýany geçirildi.

Sişenbe güni geçirilen protestlerde ýüzlerçe protestçi duşenbe güni demonstrasiýalar döwründe tussag edilen 20 adamyň boşadylmagyny talap edip welaýatyň iň uly şaýoluny ýapypdylar.

Çarşenbe güni Gyrgyzystanyň prezidenti Atambaýew žurnalistlere “Kumtoryň” millileşdirilmeginiň gyrgyz ykdysadyýetinde uly maliýe ýitgilere sebäp boljakdygyny aýtdy. Şeýle-de Atambaýew protestçileri “terroristler we galtamanlar” diýip atlandyrdy.

Iýun aýynda Jeti-Oguzdaky şahtanyň golaýynda müňlerçe protestçil bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyklardan soň, döwlet etrapda adatdan daşary ýagdaýy yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG