Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Müsüre ýardam berer


Ak tam Birleşen Ştatlaryň Müsüre berýän harby hyzmatdaşlygyny togtatmagy planlaşdyrýandygy barada çykan habarlaryň ýalňyşdygyny aýdýar.

Prezident Barak Obamanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili Keýtlin Haýdeniň ýaýradan beýanatynda Müsüriň harbylara daýanýan hökümetine ABŞ-nyň gelejekde berjek ýardamlary barada amerikaly ýolbaşçylar öňümizdäki günlerde mälim eder diýilýär.

Şeýle-de beýanatda "Obama sentýabr aýynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda ABŞ Müsüre berýän ýardamlaryny 'dowam etdirer' diýip takyk belläpdi" diýilýär.

Waşington Müsürde durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen syýasatyň bir bölegi hökmünde Kaira her ýyl 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak maliýe ýardamyny berýär.
XS
SM
MD
LG