Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan-Katar: 0-7


7-nji oktýabrda Kataryň paýtagty Dohanyň Al-Arabi stadionynda geçirilen futbol ýaryşynda katarly komanda Türkmenistany 7-0 hasap bilen ýeňdi. Bu barada “Gulf Times” websahypasy habar berýär.

Bu futbol ýaryşynyň birinji ýarymynda katarly futbolçylar türkmen komandasyny 3-0 hasap bilen ýeňdi. Bu ýagdaý ýaryşyň ikinji ýarymynyň soňunda 7-0 hasap bilen tamamlandy.

Bu Aziýa kubogynda Kataryň yzly-yzyna gazanan ikinji üstünligidir. Mundan ozal ol Hindistanyň futbol komandasyny 2-0 hasap bilen ýeňipdi.

Şeýle-de, birnäçe gün ozal Özbegistan Nepaly 5-0 hasap bilen ýeňipdi.
XS
SM
MD
LG