Sepleriň elýeterliligi

Meýdan komandiri Dostum ötünç sorady


Owganystanyň öňki meýdan komandiri general Abdul Reşit Dostum.

Owganystanyň öňki meýdan komandiri general Abdul Reşit Dostum.

Owganystanyň iň howply meýdan komandirleriniň biri bolan Abdul Reşit Dostum ýurduň weýran ediji graždanlyk urşunda özüniň oýnan roly üçin ötünç sorady. Dostumyň ötünç soramagy onuň prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak üçin resmi hasaba durmagyna gabat geldi.

Owganystanyň öňki meýdan komandiriniň ýurdy weýran eden graždanlyk urşunda oýnan roly üçin ötünç soramagy öň görlüp-eşidilmedik waka boldy.

Özbek söweşijileriniň öňki baýtutany we adam hukuklaryna degişli agyr jenaýatçylyklarda aýyplanan general Abdul Reşit Dostum 7-nji oktýabrda eden beýannamasynda öz geçmişdäki etmişleri üçin ötünç sorady.

“Graždanlyk urşunyň dowamynda köp ýalňyşlyklar bolupdy” diýip, Dostum belledi. Şeýle-de ol “Negatiw syýasatyň pidasy bolan adamlardan ötünç soramagyň wagty geldi, men ilkinji ädimi ädip, ýurtda graždanlyk urşundan we zorluklardan ejir çeken adamlardan ötünç soraýaryn” diýdi.

Sowet Soýuzy we Owganystanyň kommunistik režimi dargansoň, 1992-1996-njy ýyllarda bolan we dürli toparlaryň özara söweşmegi zerarly başlanan graždanlyk urşy, ýüzlerçe müň adamyň heläk bolmagyna we ýurduň infrastrukturasynyň dargamagyna sebäp bolupdy.

Ötünç we adalatlylyk

Dostum geçen iki onýyllygyň dowamynda bolan graždanlyk urşunda hakly tarapyň bolmandygyny belläp, urşa gatnaşan ähli toparlary we söweşjeň komandirleri ötünç soramaga çagyrdy. Ol munuň bilen geljekde ýalňyşlyklaryň öňüni almalydygyny belledi.

Owganystanyň Adam hukuklary boýunça garaşsyz komissiýasynyň metbugat wekili Rafiullah Bidar Dostumyň urşuň pidalary bolan adamlardan ötünç soramagynyň dogry tarapa ädilen ädim bolsa-da, onuň adalatlylygy dikeldip bilmeýändigini belledi.

Ýakynda Owganystanyň milli goşunynyň ýolbaşçylygynyň başlygy wezipesine bellenen Dostum graždanlyk urşunyň dowamynda we “Talyban” hereketi bilen konfliktiň dowamynda harby jenaýatçylyklara baş goşmakda aýyplanýar.

Dostum onlarça rehimsizliklerde, şol sanda parahat ilaty gyrmakda we tussaglary öldürmekde, şeýle-de tutuş obalary ýok etmekde günäli hasaplanýar. Şeýle-de Dostum 2001-nji ýylyň dekabr aýynda Owganystanyň Gunduz welaýatynda “Talyban” hereketi ýeňlensoň tussag edilen 2 000-e golaý talyp söweşijileriniň demir konteýneriň içinde demigip ölmegine sebäpkär bolanlykda aýyplanýar.

Dostum bu aýyplamalary ret edýär.

Meýdan komandirleri we syýasat

Özleriniň çylşyrymly geçmişlerine garamazdan, Dostum ýaly meýdan komandirleriniň ençemesi Owganystanyň syýasy ýagdaýyna täsir ýetirip gelýärler we hökümetiň düzüminde ýokary derejeli wezipelere eýe bolýarlar.

2007-nji ýylda owgan parlamenti uruş jenaýatçylyklarynda we adam hukuklaryny depelemekde aýyplanan şahslaryň günäsini geçmek we olara eldegrilmezlik immunitetini bermek barada kanuny kabul etdi.

Human Rights Watch guramasynyň wekili Ahmad Shuja Dostumyň ötünç soramagynyň onuň öňdäki saýlawlardaky şansyny artdyrmak üçin edilen herekete meňzeýändigini belleýär. Şol bir wagtda-da, Ahmad Shujanyň pikirine görä, Dostumyň bu ädimi hökümetiň öňe tarap hereket etmegine mümkinçilik döredýär.

Dostum ötünç sorap eden beýannamasynyň öňüsyrasynda 2014-nji ýylyň aprel aýynda boljak prezidentlik saýlawlarynda öňki maliýe ministri Aşraf Ganiniň ýanynda wise-prezident wezipesine dalaşgär hökmünde gatnaşmak üçin resmi hasaba alyndy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG