Sepleriň elýeterliligi

Oppozisiýa saýlawlardan şikaýat edýär


Oppozision partiýalaryň koalisiýasynyň dalaşgäri Jamil Hasanly, Baku, 9-njy oktýabr, 2013.

Oppozision partiýalaryň koalisiýasynyň dalaşgäri Jamil Hasanly, Baku, 9-njy oktýabr, 2013.

Çarşenbe güni azerbaýjanly ses berijiler ýurduň indiki prezidentini saýlaýarka, oppozision dalaşgärler saýlaw düzgünleriniň bozulmagyndan şikaýat edýärler.

Oppozision partiýalaryň koalisiýasynyň dalaşgäri Jamil Hasanlynyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, düzgüni bozmalar boýunça subutnamalaryň ençemesi toplanypdyr.

Oppozisiýanyň şikaýatlary

“Meniň synçylarymyň tutuş ýurt boýunça berýän maglumatlary köpçülikleýin galplyklaryň bolandygyny tassyklaýar, resmi netijeleri saýlawlardan öň kesgitlenýän ýurtda ses berişlik boldy diýip, anyk aýtmak mümkin” diýip, Hasanly belledi.

Paýtagt Bakuwdan 260 kilometr uzaklykda ýerleşýän Beýlagan regionynda oppozisiýanyň synçysy saýlaw nokadyna baranda, özüniň urlup-ýenjilendigini habar berdi.

Oppozisiýanyň aktiwistleriniň sosial ulgamlary arkaly ýaýradan maglumatlaryna görä, olar şol bir adamlaryň dürli saýlaw nokatlaryna guramaçylykly eltilendigine şaýat bolupdyrlar.

Häkimiýet başyndaky “Täze Azerbaýjan” atly partiýanyň metbugat wekili Huseyin Pasaýew ses berişligiň kadaly geçýändigini aýdyp, oppozisiýany saýlawlara zyýan ýetirmäge synanyşmakda aýyplady.

Pasaýew oppozisiýanyň hereketleriniň öňüni almak üçin çäre görülýändigini habar berdi. Pasaýew oppozisiýanyň saýlawlaryň geçişinde düzgüniň bozulýandygy barada il içinde pikir döretmekçi bolýandygyny, aýratynam bu hereketleri halkara synçylarynyň bolan ýerlerinde etmäge ymtylýandygyny aýtdy.

Halkara gözegçiligi

Çarşenbe güni Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasynyň gözegçiler missiýasynyň wekilleri Azerbaýjandaky saýlawlarda bidüzgünçilikleriň entek hasaba alynmandygyny aýtdylar.

ÝHHG-niň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça edarasynyň başlygy Janez Lenarçiç Azerbaýjanyň häkimiýetleri saýlawlaryň adalatly geçirilmegini üpjün etmeli diýdi we saýlawlaryň demokratiýa üçin synag bolup durýandygyny belledi.

Azerbaýjanyň Merkezi saýlaw komissiýasy ýerli wagt bilen öýlän sagat 3-de ýurduň 5.1 million ses berijileriniň 58%-iniň ses berendigini habar berdi.

Saýlawlara jemi on dalaşgär gatnaşýar. Muňa garamazdan, ýurduň häzirki prezidenti Ylham Aliýewiň bäş ýyllyk prezidentlik möhletine üçünji sapar aňsatlyk bilen eýe boljagyna garaşylýar.

Aliýewiň ýolbaşçylygy

Aliýew 2003-nji ýylda, kakasy Geýdar Aliýew aradan çykansoň, häkimiýet başyna geçipdi.

Soňky on ýylyň dowamynda Aliýewiň golastynda ýurduň ilatynyň durmuş derejesi ýokarlandy. Bu, esasan, Azerbaýjanyň Ýewropa satýan tebigy resurslarynyň hasabyna amala aşyryldy.

Şol bir wagtda-da Aliýewiň režimi korrupsiýada we başga pikirliligi yzarlamakda aýyplanýar. Adam hukuklaryny goraýjy guramalar çarşenbe günki saýlawlaryň öňüsyrasynda hökümetiň köp sanly garşydaşlarynyň galp aýyplamalaryň esasynda tussag edilendiklerini habar berdiler.
XS
SM
MD
LG