Sepleriň elýeterliligi

Saýlawlarda Aliýew öňde barýar


Azerbeýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň öz wezipesine üçünji gezek saýlanandygy barada maglumatlar gowuşýar. Oppozisiýa bolsa saýlawlarda uly möçberde galplyklara ýol berlendigini öňe sürýär.

Ençeme saýlaw punktlaryndan alnan netijelere görä, Aliýew berlen sesleriň 81-84 göterim töweregini gazanyp, öz garşydaşyndan has öňde barýar. Emma bu diňe birnäçe saýlaw punkdynyň netijesi bolup, henize çenli berlen sesleriň ählisi doly sanalyp gutarylmady.

Oppozisiýanyň kandidaty Jamil Hasanly bolsa, şu wagta çenli sanalan sesleriň diňe 8 prosent töweregini gazanypdyr. Hasanly bir salym öň ýaýradan beýanatynda, sesleriň galplaşdyrylandygyny we munuň adamlaryň öz ýolbaşçylaryny saýlamak hukugyny aýak asty etmekdigini aýtdy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň saýlawlara gözegçilik edýän missiýasy günüň irki sagatlarynda özleriniň henize çenli galplyk wakalaryna şaýat bolmandygyny aýdyp beýanat ýaýradypdy.

Aliýew bu wezipede kakasynyň mirasdüşeri bolup, 2003-nji ýyldan bäri prezident wezipesini ýerine ýetirýär.
XS
SM
MD
LG