Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malala "Saharow" baýragyny aldy


Pakistanly 16 ýaşly aktiwist Malala Ýusufzaýi Ýewropa parlamenti tarapyndan 2013-nji ýylyň Saharow baýragy bilen sylaglandy.

Malala 2012-nji ýylyň oktýabr aýynda Pakistanyň demirgazygyndaky Swat jülgesinde mekdepden öýüne gaýdyp barýarka “Talyban” tarapyndan oka tutulypdy. “Talybanyň” Malala eden bu hüjümi bütin dünýäde ýazgarylypdy.

Şondan soň ol saglyk bejergisini almak üçin Britaniýa alnyp gidilipdi we ol mart aýynda Birmingamyň mekdebinde okuwa gaýtadan başlapdy.

Malala “BBC” korporasiýasyna ýazan blogunda “Talybanyň” basyşy astynda ýaşamagyň jikme-jikleri we gyzlaryň okamagy ugrundaky garaýyşlary barada beýan edipdi.

Saharow baýragy adam hukuklaryny we söz azatlygyny goraýanlary hormatlamak maksady bilen her ýyl Ýewropa parlamenti tarapyndan berilýär. Bu baýrak bilen bir hatarda 50 müň ýewro, ýagny 65 müň amerikan dollary möçberinde pul sylagy hem gowşurylýar.
XS
SM
MD
LG