Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rasmussen Karzaýyň sözlerini ret etdi


NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen owgan prezidenti Hamid Karzaýyň NATO-nyň liderligindäki goşunynyň Owganystanda peýdasyndan has köp zyýanynyň bolandygy baradaky beýanatyny dessine ret etdi.

Rasmussen penşenbe güni Brýusselde geçiren metbugat ýygnagynda “Halkara goşuny Owganystana aralaşandan soň ýurtda gazanylan progresler mundan 10 ýyl öňki ýagdaý bilen deňeşdireniňde ‘üýtgeşikdigini we inkär edilip bolmajakdygyny’” aýtdy.

Karzaý şu hepdäniň başynda “BBC” korporasiýasyna beren interwýusynda NATO-nyň Owganystanda durnuklylygy üpjün edip bilmeýändigini aýdyp, ony tankyt edipdi.
XS
SM
MD
LG