Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Talyban: "Çynlakaý" gepleşiklere taýýar


Pakistanyň “Talyban” hereketiniň lideri Hakimullah Mehsud guramasynyň heniz hem parahatçylykly gepleşikleri geçirmäge açykdygyny aýtdy.

Mehsud çarşenbe güni “BBC” korporasiýasyna beren interwýusynda Yslamabady “Talyban” bilen gepleşikleri geçirmek üçin çynlakaý ädimleri ätmezlikde aýyplady.

Geçen aý Yslamabad “Talyban” hereketi bilen gepleşikleri geçirmegi teklip edenden soň ýurtda söweşijileriň hüjümleri möwjedi.

Mehsud öňümizdäki ýyl halkara koalisiýasy goňşy Owganystandan çykanyndan soň hem Pakistanyň içinde hüjümlerini dowam etdirjekdigini aýtdy. Ol Pakistanda ABŞ-nyň pilotsyz uçarlarynyň howa zarbalary togtadylandan soň, “Talyban” ýurtdaky hüjümleriniň soňuna ýeter diýdi.

Mundan ozal Mehsudyň “Tehreek-e Talyban Pakistan” hereketi hökümetden hüjümleri togtatmagy we Owganystan bilen araçäkleşýän serhediň golaýyndaky tire-taýpa regionyndan harby goşunyny çykarmagy talap edipdi.
XS
SM
MD
LG