Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Partlamada dört adam öldi


Müsüriň howpsuzlyk güýçleri Sinaý ýarymadasyndaky kenarýaka şäheriň çetindäki barlag nokadynda bombaly ulagyň partlamagy netijesinde üç esgeriň we polisiýa ofiseriniň ölendigini habar berýärler.

Efirde adynyň tutulmagyny islemedik resmiler wakanyň penşenbe güni Al-Ariş şäheriniň çetinde ýüz berendigini aýtdylar.

Maglumatlara görä, esgerler we polisiýa ofiseri ulagy barlaýan mahaly hüjümçi bombany partladypdyr.

Şeýle-de, bu wakada başga-da bäş adam ýaralandy. Yslamçy söweşijiler ençeme ýyl bäri Sinaý ýarymadasyndaky howpsuzlyk güýçlerine hüjüm edip gelýärler. Emma iýul aýynda ýurduň harbylarynyň yslamçy prezident Muhammad Morsini häkimiýetden çetleşdirmegi bilen bu hüjümleriň ýygjamlygy göz görtele artdy.
XS
SM
MD
LG