Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Üç adam öldi


Täjigistanyň paýtagty Duşenbede gijäň ýary gurnalan awtomobil ýaryşynda ulaglaryň çakyşmagy netijesinde üç adam öldi we ýene-de şonçasy ýaralandy. Bu ýaryşlar köplenç ýurduň "elita" diýip atlandyrylýan ýokary gatlagynyň çagalary tarapyndan gurnalýar.

Çarşenbe güni giçlik Duşenbäniň polisiýasyndaky çeşmeler Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda “örän wajyp adamlaryň” çagalarynyň köplenç paýtagtyň merkezinde gymmat baha ulaglar bilen ýaryşlary geçirýändigini we olaryň soňky ýaryşynyň çarşenbe güni daňdan sagat 4 töwereginde ulag heläkçiligine sebäp bolandygyny aýtdylar.

Täjik habar serişdeleriniň beren maglumatyna görä, Täjigistanyň Döwlet demirýol kompaniýasynyň başlygynyň ýegeni 21 ýaşly Asror Hukumow waka bilen bagly derňew edilýär. Hukumow prezident Emomali Rahmonyň garyndaşydyr.
XS
SM
MD
LG