Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa: Premýer-ministr boşadyldy


Liwiýanyň döwlet eýeçiligindäki habar gullugy premýer-ministr Ali Zeýdanyň öňki söweşiji topary tarapyndan tussag edilenden birnäçe sagat soň azat edilendigini habar berýär.

Habar gullugy Zeýdanyň azatlyga goýberilmegi barada goşmaça maglumat mälim etmedi.

Penşenbe güni ir bilen söweşijileriň öňki harby ýolbaşçysy şenbe güni Liwiýada ABŞ-nyň güýçleri tarapyndan Al-Kaýdanyň ýokary derejeli şübhelileriniň biriniň tussag edilmeginde Zeýdanynyň hökümetiň eýelän roly üçin, onuň tussag edilendigini aýdypdy.

Öňki söweşiji Zeýdanyň ýurduň “prokuraturasynyň buýrugy” esasynda tussag edilendigini belläpdi. Emma Liwiýanyň hökümeti bolsa premýer-ministriň tussag edilmegi baradaky buýrukdan habarsyzdygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG