Sepleriň elýeterliligi

Baku: ÝHHG saýlawlar barada sözledi


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň saýlawlara gözegçilik edýän missiýasy çarşenbe güni Azerbaýjanda geçirilen prezidentlik saýlawlaryň wajyp problemalar we ýetmezçilikler esasynda geçendigini aýtdy. Saýlawlarda Azerbaýjanyň häzirki prezidenti Ylham Aliýew ýeňiş gazandy.

ÝHHG-nyň saýlawlara gözegçilik edýän missiýasy Bakuwda geçiren metbugat konferensiýasynda problemalaryň “saýlaw gününiň dowamynda ähli etaplarda” syn edilendigini belledi.

Takmynan ähli sesleriň sanalmagy netijesinde Aliýew sesleriň 84,6%-ni eýeledi. Oppozision bileleşiginiň kandidaty Jamil Hasanly sesleriň takmynan 5%-ne eýe boldy.
XS
SM
MD
LG